TÜRKMENISTANDA «ADALAT ÜÇIN BILIM» BAŞLANGYJY HÖDÜRLENDI

Çagalara we ýaşlara bilim bermek, olaryň maglumatlylygyny artdyrmak jenaýatyň, parahorlugyň öňüni almak we kanuna tabynlyk medeniýetini ösdürmek üçin möhümdir.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirligi (UNODC) ABŞ-niň Halkara ösüş gullugy (USAID) bilen bilelikde türkmen hünärmenleri üçin “Adalat üçin bilim” atly başlangyjy bilen tanyşlyk geçirdi.

Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

«Adalat üçin bilim» atly başlangyç BMG-niň UNESKO we ODC guramalary tarapyndan işlenip düzülmek bilen, jenaýatçylygyň öňüni almak, şeýle hem aň-bilim çäreleri arkaly kanunçylyk medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir. Bu çäreler mugallymlara ýaş nesle kanunyň hökmürowanlygyny bozup biljek meselelere has gowy düşünmegi we jenaýatçylyk bilen baglanyşykly global meseleleri çözmek üçin olaryň mümkinçiliklerini artdyrmagy öwretmäge kömek edýär.

Bu başlangyç BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat adalaty barada 2015-nji ýylda bolup geçen XIII Kongresiniň netijelerine görä kabul edilen Doha Jarnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bütindünýä maksatnamanyň bir bölegidir.

Ösüp gelýän nesle kanuna tabynlyk, parahatçylyga we dostluga ymtylmak ruhunda terbiýe bermegiň ähmiýetini nygtamak bilen, halkara bilermen, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» partiýasynyň başlygy Eleanora Walentaýn şeýle diýdi: «Ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidi üçin ulanmak bilen, Türkmenistan ylym, tehnologiýa we innowasiýa pudaklarynda iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli güýçlendirýär. Bu ýurt bilim ulgamynda okatmagyň täze usullaryny, häzirki zaman okuw meýilnamalaryny we materiallaryny ulanmaga uly ähmiýet berýär. Biz BMG-niň ODC guramasynyň «Adalat üçin bilim» başlangyjyna bagyşlanan şu günki çäre bu möhüm işde täze sahypa açar we Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň bilimine goşant goşar, olara kanunyň hökmürowanlygy, bütindünýä howplarynyň öňüni almak ýaly ugurlary öwrenmäge mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris».

Öz gezeginde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili bu başlangyjyň Türkmenistanda durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Aýjahan Ataballyýewa

Türkmenistanda «Adalat üçin bilim» başlangyjy hödürlendi (turkmenistan.gov.tm)