ALYM WE SURATKEŞ

Olga Fominiçna Mizgirewa türkmen milli şekillendiriş sungatynyň gözbaşynda duranlaryň biridi.

Ol 1908-nji ýylda Daşkentde dogulýar, soňra olaryň maşgalasy Türkmenistana göçüp gelýär. Ýaşlykdan suratkeşlige höwes edýän Olga çeperçilik bilimini almaga ymtylýar. Onuň bagtyna, 1920-nji ýylda suratkeşler Ruwim Mazel, Mihail Libakow we Aleksandr Wladyçukyň başlangyjy bilen Aşgabatda Çeperçilik studiýasy döredilýär. Bu studiýa soň “Gündogaryň zarpçy sungat mekdebi” (GZSM) diýlip atlandyrylýar. Hut şu ilkinji studiýanyň uçurymlary-da türkmen medeniýetiniň taryhynda şöhtarly yz galdyran adamlardyr.

Okuwçylar GZSM-de surat çekmek, şekillendiriş sungaty, sungatyň taryhy we beýleki dersler boýunça bilim alýardylar. Bu ýerde geografiýa, rus we türkmen dilleri, fizika, matematika ýaly umumy bilim berýän dersler-de öwrenilýärdi. Täze bilim edarasynyň gapylary isleg bildirýänleriň hemmesi üçin açykdy. Ýetginjek Olga bu ýerde GZSM-iň guramaçysy, suratkeş we sportsmen Aleksandr Wladyçuk bilen tanyşýar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa diňe zehinli, geljegine uly umyt baglanýan uçurym bolman, Aleksandryň ýanýoldaşy-da bolýar.

Mizgirewa türkmen şekillendiriş sungatynyň geljekki ussatlary – Bäşim Nuraly, Sergeý Beglýarow we beýleki ýoldaşlary bilen bilelikde ýurdymyza eden yzygiderli syýahatlarynda türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy bilen tanyşýar. Suratkeşler ýerli halk döredijiligini öwrenýärdiler, halk sungatyndan ylham alýardylar, halynyň dürli-dürli nagyşlarynyň arabaglanyşygyny öwrenýärdiler.

Türkmen suratkeşliginiň taryhynda ilkinji gezek adaty türkmen lybasy bolan “Sary çyrpynyň” grafik we reňk elementlerini ýagly reňkler bilen keramik küýzä geçiren hut Mizgirewa bolupdy.

Olga Fominiçnanyň döreden ajaýyp dört suraty, ine, indi birnäçe onýyllyklardan bäri diňe sungat tankytçylarynda däl, eýsem etnograflarda-da gyzyklanma döredip gelýär. Mysal üçin, “Halyçynyň döredijiligi” atly suraty reňkleriň adaty bolmadyk utgaşmasy bilen tapawutlanýar. Suratkeş, ýaş-da bolsa, türkmen aýalynyň umumy keşbine mahsus häsiýetleri, gözelligini ussatlyk bilen surata geçirmegi başarypdyr.

1934-nji ýylda Olga çotgalary, galamlary we reňkleri hemişelik bir gyra süşürip, soň olary asla eline almaýar. Birnäçe ýyldan soň näme üçin surat çekmegi terk edendigi soralanda, Mizgirewa bizi gurşap ösümlik dünýäsi bilen sazlaşyga girip, oň nä derejede beýikligine göz ýetirensoň, tebigaty göçürmek däl-de, oňa hyzmat etmek kararyna gelendigini aýtdy. Ol bu barada hiç haçan ökünmedi, sebäbi Garrygala obasyndaky garyndaşlarynyňka barandan soň, ol şol wagtky Bütinsoýuz ösümlikler institutynyň Türkmenistandaky tejribe bekediniň barlaghanasynda kömekçi bolup işe başlady we ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny türkmen tebigatyny öwrenmäge bagyş etdi.

1944-nji ýyldan tä 1982-nji ýyla çenli Mizgirewa bu bekediň müdiri bolup işledi. Almanyň we naryň täze sortlaryny döretmegi, şeýle hem 1938-nji ýylda Orta Aziýanyň gadymy ösümlik dünýäsiniň günorta-günbatar Köpetdagda saklanyp galan ýalňyz wekili bolan türkmen mandragorasynyň täze görnüşini tapmagy, oň ösümlikler dünýäsinde gazanan üstünliklerinden mysaldyr.

Roman Teplýakow

Alym we suratkeş (turkmenistan.gov.tm)