AŞGABATDA WENA JOŞGALAŇY: ON ÝYLDAN SOŇ

On ýyl mundan öň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy geçirildi. Ol ýubileý ýylyň iň dabaraly wakalarynyň biri bolupdy. Awstriýa üçin adaty, Türkmenistan üçin bolsa täzelik bolan bu çäräniň başlangyjyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen, Awstriýa – Türkmenistan jemgyýeti ýola goýdy. Bilşimiz ýaly, Awstriýanyň paýtagty ençeme asyrlar bäri dürli-dürli joşgalaňy bilen meşhur bolup, bu aýdym-sazly, walsly dabaraly baýramçylygyndan nusga alýan dünýäniň ençeme şäherlerinde-de geçirilýär. Wena joşgalaňy ÝUNESKO tarapyndan maddy däl medeni miras sanawyna girizilendir.

2011-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukam köşgüniň öňündäki meýdança Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alnypdy, çünki ol ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan medeniýet wekilleri birnäçe gezek çykyş edipdiler. Joşgalaňa hormatly myhman hökmünde ýurduň hökümet we mejlis agzalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda ynam bildirilen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri, ministrlikleriň we müdirlikleriň metbugat wekilleri we paýtagtyň ýaşlary çagyrylypdy. Aşgabatdaky ilkinji Wena joşgalaňyna gatnaşmak üçin, Aşgabada Awstriýa Respublikasynyň wekiliýeti gelipdi. Wena joşgalaňyny geçirmek üçin, Türkmen paýtagtyna Wenanyň öňdebaryjy aýdym-saz toparlarynyň biri – Awstriýaly meşhur sazanda, professor Wolfgang Harreriň dirižýorlyk edýän “Iogann Ştraus” ansambly ýörite çagyrylypdy.

Bilelikdäki döredijilik çäresiniň resmi açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözi ýaňlanypdy. Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy-da hut Milli liderimiziň howandarlygynda guralyp geçirilýärdi. Döwlet baştutany bu halkara çäräniň Türkmenistan – Awstriýa gepleşiklerini pugtalandyrmak, iki halkyň döredijilik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we olaryň baý medeni mirasyny wagyz etmek işindäki möhüm ornuny nygtapdy. Awstriýa – Türkmenistan jemgyýetiniň başlygy Neda Berger we Wena şäheriniň resmi wekiliýetiniň başlygy, senator Walter Nettig joşgalaňyň myhmanlaryna gutlag sözüni aýdypdy. Onda dünýä we milli aýdym-saz sungatynyň nusgawy ussatlarynyň meşhur eserleri, Franz Legaryň we Imre Kalmanyň meşhur operalaryndan parçalar, şeýle hem, beýik Iogan Ştrausyň aýdym-saz baýramçylygynda romantik atmosfera döredýän balet tansçylarynyň ezberligini görkezýän walslar ýerine ýetirilipdi. Baýramçylyk agşamy dünýäde iň gowy orkestrleriň biri bolan – her ýyl Täze ýyl konserti tamamlananda çykyş edýän Wena filarmoniýasynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde Iogan Strausyň meşhur “Radeskiý marşy” bilen tamamlanypdy.

Şondan bäri geçen ýyllarda Wena joşgalaňy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmeginde möhüm wakalary alamatlandyrýan Türkmenistan – Awstriýa medeni gepleşikleriniň däbine öwrüldi. Meselem, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen dördünji Wena joşgalaňy Ýewropadaky ýeke-täk Türkmen –Awstriýa simfonik orkestri bolan “Galkynyşyň” ýyllyk baýramçylygyna gabatlanypdy. Wena joşgalaňyna gatnaşmak üçin, Awstriýadan türkmen paýtagtyna tanymal opera bagşylaryny we tansçylary özünde jemleýän ýörite wekiliýet gelipdi. Agşam Iogan Ştrausyň, şeýle hem türkmen kompozitorlary Weli Muhadowyň, Aman Agajykowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýlekileriň eserleri ýaňlanypdy.

Ogulgözel Rejebowa

Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň (turkmenistan.gov.tm)