TÜRKMEN HÜNÄRMENLERI BILIM EDARALARYNDA SANITAR-EPIDEMOLOGIÝA ABADANÇYLYGY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA MASLAHATLAR BILEN TANYŞÝARLAR
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň hünärmenleri BSG-niň ýurduň bilim edaralarynda sanitar-epidemologiýa abadançylygy üpjün etmek boýunça maslahatlary bilen tanyşýarlar. Meselem, BSG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ÝUNISEF we ÝUNESKO bilen bilelikde guran COVID-19 pandemiýasdy döwri Mekdeplerde bilim bermek meseleleri boýunça ýokary derejeli üçünji maslahatynda olar indiki okuw ýylynda mekdeplerde netijeli sapak geçmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirden, tomusky dynç alyş günleri amal edilmeli çärelere garadylar.
BSG-niň ÝSE-niň Sebit direktory doktor Hans Klýuge: «Maksadymyz - çärä gatnaşyjylary soňky okuw ýylynda toplanan tejribe bilen tanyşdyrmak, mekdep bilimi meseleleri boýunça barlaglaryň maglumatlaryna, okuwçylaryň ýetişigine we ýokanç kesele gözegçilige baha bermekdir» - diýdi.
COVID-19 pandemiýasdy döwri mekdeplerde bilim bermegi dowam etmekde gurama agza döwletleriň tagallalaryny goldamak maksady bilen BSG-niň ÝSE-niň ýanyndaky Tehniki maslahat topary maslahatlary taýýarlady. BSG usulýet maglumatlaryny ýerli şertlere uýgunlaşdyrmakda Türkmenistanyň Hökümeti bilen özara gatnaşyklary ýola goýmakçy.
Mekdeplerde okuwçylaryň saglygyny berkitmek Konsepsiýasyny BSG-niň, ÝUNISEF-iň we ÝUNESKO-nyň ilkinji gezek 1995-nji ýylda taýýarlandygyny we şondan bari ýurtlaryň hem sebitleriň 90-dan gowragynda kabul edilendigini bellemek gerek. Täze ählumumy ölçegler ýurtlara mekdepleriň ählisinde okuwçylaryň saglygyny berkitmek, çagalaryň saglyk we abadançylyk görkezijilerini ýokarlandyrmak boýunça işlerini integrirlemäge kömek eder.
Aýjahan Ataballyýewa