YNAM DOSTLUGYŇ ESASY ŞERTIDIR
Gadymy grek syýasatçysy we filosofy Mark Tulliý Siseron şeýle diýipdir: “Dünýäde dostlukdan gowy we ýakymly zat ýokdur, durmuşdan dostlugy aýyrmak dünýäni gün nurundan mahrum eden ýalydyr”. Biziň günlerimizde bu söz dünýä düzgüni we onuň gymmatlyklary baradaky gapma-garşylykly pikirleriň, kä ol ýerde, kä bu ýerde ýüze çykýan sebit dawalarynyň ýerliginde weli sözi bolmasa-da, aňrybaş wajyp bolup görünýär.
Bu meseläniň ýitiligi şundadyr: bir adamyň beýlekisine bolan ynamyny ýitirmegini herhal düzedip bolýan, özem bu waka olaryň daş-töwereginäkiler üçin gaty agyryly bolmaýan bolsa, döwletara gatnaşyklarynda ynamyň we dostlugyň ýitmegi goňşular üçin hem meselä öwrülýär.
Ynam we dostluk gaýyp bolup, onuň ýerini, gürrüňsiz, duşmançylyk tutýar. Şundan soň dost elini bermeýän betniýetli adamlar we hatda ýurtlaram peýda bolup başlaýarlar. Mysaly uzakdan gözläp durmaly däl. Olar halkara meselelerine azda-kände düşünýänler üçin göz-görteledir.
Ynamy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny gaýtaryp getirmek biçak kyn meseledir. Şahsy gatnaşyklarda bolşy ýaly, döwlet derejesinde-de meseläni petige diretmän, tersine, ynamy berkitmek üçin, yzygiderli we maksatly işlemek has dogry hasaplanýar. Bu, şu ugurda iň oňat ýoldur.
Halkymyzda “Golaý goňşy uzak garyndaşdan ýakyndyr” diýen nakyl bar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, goňşulary bilen serhetlerini dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedi diýip yglan eden Türkmenistan bu hakykaty iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Bitaraplygyň baş ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyz, ine, indi otuz ýyl bäri goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisler toplumynyň 106-njy umumy maslahatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlen karary kabul etmegi şunuň ýaly gatnaşyklary döwletara derejesinde ýola goýmagyň logiki dowamy boldy.
Bu ýyl Halkara dostluk güni (on ýyl mundan ozal yglan edilen 30-njy iýul) dünýäniň köp ýerinde uruşlaryň dowam edýän we adamlaryň arasynda zorlukdyr ynamsyzlygyň artýan döwrüne düşdi. Öň agzybir ýaşan adamlar häzir goňşulary bilen dawaly ýagdaýa düşýärler – bile ýaşamakdan başga çäresi ýok adamlar bir-birlerinden barha uzaklaşýarlar.
Şu agyr we soňuny görüp bolmaýan döwürde dawalaryň öňüni almak we dowamly parahatçylygyň düýbüni mäkämden tutmak üçin, birek-birege dost elini uzatmak diýseň wajypdyr.
Halkara dostluk güni mynasybetli jynsymyza, dinimize, aýal-erkekligimize ýa-da serhetlerimize bagly bolmazdan, bizi birleşdirýän zatlary unutmaly däldiris.
Häzirki wagtda dünýä köp sanly kynçylyklar we howp: terrorçylyk, gedaýlyk, zorluk bilen ýüzbe-ýüzdür. Bularyň bary parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny, jemgyýetiň esaslaryny gowşadýar we adamlary hem jemgyýetleri bölýär. Bu kynçylyklara we howplara garşy durmak üçin, olaryň ýüze çykma sebäplerini ýok etmelidir. Muny diňe raýdaşlyk, ynanyşmagy berkitmek we dostlukly gatnaşyklar arkaly gazanmak mümkindir. Dostlugyň esasy şerti ynamdyr.
“AA”-nyň habarçysy