«GÜLÜŇ OWADAN!» ATLY BÄSLEŞIK
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly her ýyl geçirilýän bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Halk-amaly sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolan keçe basmak hemişe islegli senet bolupdy. Ýöne soňky ýyllarda ilatda hala isleg uly bolansoň keçäniň gymmaty birneme peseldi. Şonda-da onuň täze ugurlary – keçe oýnawaçlar, torbalar, öýde geýilýän aýakgaplar döredildi. Kiçiräk keçe aşhanada ulanylanda, zenanlaryň aýagynyň aşagy ýyly bolýar. Başgaça aýdanyňda, keçe başga ýol bilen ýene öýlerimize gaýdyp gelýär.
Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, çeper elli zenanlar ýüň saýlap almak, ony saýmak, daramak, boýamak, keçäniň gamşyny çykamak, güllerini ýerleşdirip, gaýnag suw guýup, soňam basmak ýaly ugurlarda özara bäsleşdiler.
Ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzdan, jemi alty topara bölünen çeper elli zenanlar kärine ussat ady almak ugrunda bäsleşdiler. Hatarynda bir halypa we şägirt bolan topar agzalary bäsleşigiň şertine görä gezekli-gezegine bu gadymy senediň syrlary barada gürrüň berdiler.
Soňra olar gamyş ýazyp, keçe güllemekde, basmakda we bişirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Özi-de her welaýatyň keçe gülleri düýpli tapawutlanýardy. Balkanlylar mawy, lebaplylar sary, ahallylar gyzyl... reňkelere ýykgyn edýärdiler. Bu ýere gelenleriň gözüniň alnynda keçe emele gelýärdi.
Üçünji şerte görä, çeper elli zenanlar gözbaşyny gadymdan alyp gaýdan gözellik sungatynyň ajaýyp önümi — keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, onuň nagyşlarydyr gülleriniň döreýşi baradaky rowaýatlary, şeýle-de degişmelerdir gazallary, aýdyşyklary aýtmak, parahat döwrümiz, bagtyýar ýaşaýşymyz babatdaky ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň üsti bilen beýan etmek boýunça bäsleşdiler.
Mary welaýatyndan Aýjahan Angalowa hem-de Enejan Kadyrowa baş baýraga mynasyp boldular. Aşgabat şäheriniň hem-de Balkan welaýatynyň toparlary 1-nji, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň toparlary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary bolsa 3-nji orny eýelediler.
Tamara Glazunowa