BMG-NIŇ AZYK ULGAMLARY-2021 BOÝUNÇA SAMMITINE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

26 – 28-nji iýulda Rimde geçirilen Azyk ulgamlary-2021 boýunça sammitiň deslapky duşuşygy BMG-niň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek Baş Assambleýasyna gabat getiriljek iň ýokary halkara çäresine taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. “Oba hojalygyna maýa goýmak açlygy ýok etmegiň açarydyr” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň başlygy Sýuý Dunýuý çarşenbede ýapylyş dabarasynda aýtdy. ÝUNISEF-iň we BSGG-niň ýolbaşçylary bolsa hökümetleri we karar kabul edýänleriň hemmesini täsirli çemeleşmeleri işjeň ulanmaga, şol sanda ýumurtga, süýt önümleri, miwe, gök önümler we galla ýaly ýokumly iýmitleriň bahasyny arzanlatjak nyrh syýasaty hem pul kömekleri arkaly sagdyn iýmitlenmegi goldamaga we zyýanly iýmitlere salgytlary ýokarlandyrmaga çagyrdy.

BMG-niň Azyk ulgamlary boýunça sammiti gyzyklanýan dürli taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegine we Durnukly ösüş pudagyndaky (DÖP) 17 maksadyň ählisi boýunça öňe gidişlik gazanmak üçin, azyk ulgamlarynyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyna kömek etmek üçin, azyk pudagyndaky özara täsirleriň we arabaglanyşyklaryň ähli görnüşini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk platforma döretmek maksady bilen, onuň Baş sekretary Antoniu Guterreş tarapyndan başlandy.

Açlygy we garyplygy aradan aýyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek, jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik, şeýle hem deňiz we ýerüsti ekosistemalary gorap saklamak ýaly maksatlar azyk ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sentýabr aýynda geçiriljek sammitiň we BMG-niň ýer ýüzüniň ähli ilatyny sagdyn, ýokumly iýmit bilen üpjün etjek täze, has adalatly we ekologiýa taýdan arassa dünýä azyk ulgamyny döretmek maksadynyň wajyplygy-da hut şundan gelip çykýar.

Azyk ulgamlary-2021 boýunça sammite taýýarlyk milli, sebitler we dünýä derejesinde geçirilýär, bu iş ähli gyzyklanýan taraplara karar kabul etmegiň mehanizmlerini we gurallaryny işläp düzmäge, synagdan geçirmäge we uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik bermek bilen, innowasiýa hyzmatdaşlygynyň we başlangyçlarynyň ösmegi, ägirt uly borçnamalary ylalaşdyrma, şeýle hem has ygtybarly iýmit ulgamlaryny gurmak üçin zerur maýa goýumlaryny çekmäge şert döreder. BSGG, FAO, ÝUNISEF ýaly halkara guramalar azyk ulgamlarynda jogapkärçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň gerimini giňeltmäge we adam saglygyny goramak üçin, olary has işjeň ulanmaga mümkinçilik berýän täze pikirleri döretmek maksady bilen, birnäçe çäräni gurap, amala aşyrdy.

Sammite taýýarlyk çäklerinde geçiilýän gepleşikler hemmeler üçin pajarlap ösýän, howpsuz we adalatly geljege ýol tapmaga gönükdirilendir. Durnukly iýmit ulgamlary hemmeleri sagdyn azyk bilen üpjün edip biler. Gowy iýmitlenmek saglygy goraýar, jemgyýetleri berkidýär, ykdysadyýeti goldaýar we dünýämizi goraýar. Sammitiň deslapky çäreleri meşhur aşpezler, ýerli halklar, ýaş aktiwistler, mülkdar aýallar, döwlet baştutanlary we beýleki adamlar bilen bilen howanyň üýtgemegine garşy göreş we ýakyn 10 ýylda iýmit ulgamlarymyzyň nähili üýtgemelidigi barada global çekişmäni öz içine alýar. BMG-niň Azyk ulgamlary boýunça sammitiniň Ylmy toparynyň ilkinji mejlisi-de geçirildi. Tebigat ylymlary, agronomiýa, ekologiýa, tebigy baýlyklar, iýmitleniş we jemgyýetçilik ylymlary ýaly dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenlerinden ybarat bu topar şu sammit üçin materiallary taýýarlar.

Ogulgözel Rejebowa

BMG-niň azyk ulgamlary-2021 boýunça sammitine taýýarlyk görülýär (turkmenistan.gov.tm)