«MUKAMYŇ SYRY» KINOFILMINIŇ GIZLIN SYRLARY

Haýran galaýmaly ýagdaý – 1929-njy ýylda kompozitor Wiktor Uspenskiý «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Biz Uspenskiniň bu ada mynasyp bolmagynda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bermekçi.

Kaluga şäherinde doglan Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý harby kadetler korpusyny tamamlap, Kawkazda gulluk edýär. Ýöne ýigidi şowlaýan harby işi kanagatlandyrmandyr, köňlünde möwç urýan aýdym-saz oňa gije-gündiz rahatlyk bermändir. Galyberse-de, ol gaýry medeniýet adamlaryna hoşamaý garaýan saýhally adamlaryň hilinden ekeni. Wiktor Aleksandrowiç harby gullugy taşlap, kompozisiýa hünäri boýunça Sankt-Peterburg konserwatoriýasyny tamamlaýar.

1918-nji ýylda ykbal ony Orta Aziýa getirýär, rus kompozitory bu ýerde ömrüni Orta Aziýa halklarynyň baý aýdym-saz medeniýetini saklap galmaga bagyşlaýar. Ol ülkämizde ilkini etnografik işine başlaýar. 1925-nji ýyldan başlap Türkmenistan boýunça folklor saparlarynyň üçüsini geçirýär. Dört ýyl, käte agyr we howply saparlarda suw ýetmezсшligine garamazdan ýolbeletler bilen iň alys obalara çenli barypdyr. Beýle gujur-gaýrat Wiktor Alkesandrowiç ýaly yhlasyna wepaly adamlara mahsus. Galyberse-de, onuň hoşamaýlygy we aýdym-saza höwesi ýerli bagşy-sazandalary özüne bendi edipdir, olar hem Uspenskä elden gelen kömegini gaýgyrmandyrlar.

4 ýyla çeken güzaply işiň netijesinde halk aýdymlarynyň we sazlarynyň 350-den gowragy nota geçirilýär. Olaryň esasy bölegi W.A.Uspenskiniň W. Belýaýew bilen bilelikde ýazan «Türkmen sazy» atly monografiýasyna girizilýär. Bu ajaýyp monografiýanyň çapdan çykanyna 100 ýyl geçen bolsa-da, ol häli-häzire çenli sazçylyk ýörite orta hünär mekdepleriniň we konserwatoriýanyň talyplarynyň ýankitabyna öwrüldi.

Türkmen halk saz älemindäki bu zähmetsöýerligi hatyralap, SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew «Mukamyň syry» filmini surata düşürýär. Bagşyçylyk sungatynyň aşygy Hudaýberdi Durdyýewiň taýýarlan ssenarisinde, geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistana halk aýdym-sazlaryny ýazga geçirmäge rus alymy Wiktor Uspenskiý gelýär. Çetki obalaryň birinde goja sazanda Didar bagşy bilen tanyşýar, ol gonak alyma öz ejesi, ilkinji türkmen zenan bagşy Karkara barada gürrüň berýär. Ol kakasyndan gizlinlikde zehinli ýaş sazanda Döwrandan sapak alýar. Tizara Karkaranyň ady ile dolýar. Bir gezek onuň aýdymyny eşiden Daşberdi han oňa öýlenmekçi bolýar. Gyz hanyň teklibini ret edýär, ýöne yzarlanmadan çekinip Döwran bilen gaçyp gidýär. Daşberdi hanyň hyzmatkäri hojaýynynyň buýrugy bilen Döwrany atyp öldürýär. Ýaryndan jyda düşen Karkara ençeme ýyldan soň dogduk iline dolanýar. Onuň at-owazasy ildeşlerine-de ýetýär, olar han bagşysy Gojaly kör bilen Karkaranyň bäsleşigini guraýarlar. Onda Karkara üstün çykýar!

Biz «Mukamyň syry» filminde režisýoryň assitenti bolup işlän Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bilen duşuşanymyzda ol şeýle gürrüň berdi:

---Film surata düşürilende gyzykly wakalar köp bolupdy. Uspenskiniň keşbini döretmäge A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artisti Wladimir Krasnopolskiý çagyryldy. Syratly, salyhatly, görmegeý artist daş keşbi bilenem gashrymanyna meňzeşdi, bu bolsa kinematografiýada esasy ýagdaýdyr. Galyberse-de, olaryň ykbalynda meňzeşlikler kändi: ikisem Russiýada doglan, ykbal «oýny» bilen Orta Aziýa düşendi, şonuň üçinem oňa Uspenskä düşünip, onuň keşbine girmek aňsatdy. Ýöne film surata düşürilen wagty üýtgeşik ýagdaýlar hem bolýardy. Obadan oba aşýan gahryman çölde harasada duşýar. Harasat döretmek üçin wagtlaýyn reaktiw uçar ulanyldy, onuň hereketlendirijisi harasat döredýärdi. Şol wagt Krasnopolskiý düýeli geçip gitmelidi. Harasady gören Wladimir Matweýewiç bu epizodda surata düşmekden kes-kelläm ýüz öwürdi. Tehnikadyr surata düşürýän topar boş durdy, Alty Garlyýew kyn güne düşüpdi. Şonda men :

---Wladimir Matweýewiçe derek meni düşüriň – diýdim.

Alty Garlyýew:

---Ýöne sen Krasnopolskiden boý-iniň pesräk hemem oňa meňzeşem däl –diýdi.

Tapan çykalgama begenen operator Anatoliý Karpuhin:

---Galanyny özüm oňarýan, men şeýle bir düşürerin welin, tomaşaçy ony aňmazam---diýdi. Meni düýä atardylar, hereketlendijini işletdiler welin, edil dowzaha düşen ýaly boldum. Gaýtadan düşürmeli bolmawersin diýip dileýärdim. Şeýdibem filmiň iň täsirli epizodlarynyň biri düşürildi.

Karkaranyň keşbini döreden Liza Garaýewa bilen hem mesele döräpdi. Liza Garaýewa kameranyň öňünde özüni erkana alyp barýardy, döredýän keşbini ussatlarça ýerine ýetirýärdi. Ýöne ol dutar çalyp bilmeýärdi, filmde bolsa onuň saz çalýan ellerini uly planda görkezmelidi. Eger film häzirki döwürde düşürilen bolsa beýle mesele aňsat çözülerdi, sebäbi häzir bagşy-sazanda zenanlar kän. Kimdir biri sazçylyk ýörüte orta hünär mekdebiniň talyp gyzlaryndan biriniň dutar çalmaga ökdedigini aýtdy. Şeýdibem şol gyzyň eli surata düşürildi.

***

«Mukamyň syry» filmi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ol Türkmenistanyň kinematografiýasynyň altyn hazynasyna girdi. Şunda Nury Halmämmedowyň ýazan sazy hem uly ähmiýetli bolupdy. Belki-de, şol saz sebäpli we Karkaranyň göreldesine eýerip türkmen gyzlarynyň ençemesi eline dutar alandyr. W. Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitaby iki jiltde çap edilensoň-a, onuň meşhurlygy has-da artdy.

Tamara Glazunowa 

Surata düşüren: Ýuriý Şkurin

«Mukamyň syry» kinofilminiň gizlin syrlary (turkmenistan.gov.tm)