ÝASHAN – ÇÖLÜŇ AJAÝYP ÇEŞMESI

Hywa, soň Köpetdag we Hazar aralygynda kerwen gatnadan kerwenbaşylar Sarygamyşdan Kelker duz ýatagyna çenli, ondan aňryk-da Aktamyň hanasynyň ugry bilen Balhan şoruna çenli uzalyp gidýän bu derýa jülgesine bäş barmagy ýaly beletdiler. Kerwen ýolunda süýji suwly guýular, Günbatar Uzboý jülgesinde bolsa süýji we şor suwly köller, şorluklar hem mineral palçyklar bardy. Kerwen ýolunda Uzboýuň gadymy hanasynyň golaýyndaky Ajyguýy egreminde, teşnelikden ýanýan ýolagçylar pes Garagum çölüniň çäge depeleriniň aňyrsynda hakyky gudrat bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar. Bu hiç wagt guramaýan süýji suwly Topýatan, Garategelek we çölüň merjeni bolan Ýashan kölleridi...

Ymgyr çölüň içinde gizlenip ýatan kölüň ýakasynda agşamyň sergin howasyny nebsewürlik bilen demine sorýan köp ýolagçy bu arassa we ýakymly tagamly suwuň nireden gelendigi, nädip zaýalanman saklanandygy barada oýa batandyrlar. Emma olaryň hiç biri-de müňlerçe ýyl şondan ozal dünýäniň iň uly çölüni döreden gadymy Amyderýanyň bu ýerden akyp geçýärkä döreden ägirt uly ýerasty “suw gorunyň” üstünde durandygy barada gümanam eden däldirler.

Uzboýuň gadymy kölleri, ilkinji nobatda-da, Yashan köli hakda agyz suwy çeşmesi hökmünde alymlar ilkinji gezek XIX asyryň ahyrynda – XX asyryň başlarynda dil ýaryp başladylar. Eýsem-de bolsa, diňe geçen asyryň ortalarynda Baş türkmen kanalynyň göz öňünde tutulýan ugry boýunça Uzboý ýakasy Garagumda inžener-geologik we gidrogeologik gözlegler başlananda, Ýashan kölüne süýji suwuň köl bilen atdaş ägirt uly ýerasty ýatagyndan gelýändigi anyk kesgitlendi. Gidrogeolog Nadežda Grigorýewna Şewçenko birnäçe ýyllap Uzboý ýakasy Garagum çölüniň merkezi böleginde äpet ýerasty suw gorunyň döreýşini we durşuny jikme-jik öwrenmek bilen meşgullandy. Onuň sabyrlylygy we tutanýerliligi saýasynda bu iň uly süýji suw ýatagy bilen baglanyşykly ähli meseleler öwrenildi. Ol diňe bir süýji ýerasty suwlaryň gadymy tebigatyny anyklamak bilen çäklenmän, eýsem bu suwlaryň müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp galmagynyň sebäbini hem kesgitlemegi başardy. 

Käbir alymlar uzak wagtyň dowamynda bu sebitdäki suwlar Kopetdag bilen baglanyşyklydyr öýdýärdiler. Olaryň aýtmagyna görä, ýerasty suwlar dag etek düzlüginden iýmitlenýämişler. Başga birleri bolsa gadymy derýa jülgesine akýan çuň ýerasty suwlaryň barlygyny aýdýardylar. Üçünji birleri atmosfera çyglylygynyň artykmaç täsirini nygtaýardylar. Ýöne tebigatyň syryny çözmek Garagumuň we Çilmämmetgumuň esli bölegini, şol sanda Uzboýdan has uzak ýerleri öwrenen Uzboý gidrogeologiýa partiýasynyň işgärlerine başartdy. Olar süýji we şor suwly kölleriň Uzboý jülgesine ýerasty suwlaryň erkin akmagynyň we olaryň soňraky konsentrasiýasynyň netijesidigini deliller bilen subut etdiler. Şol bir wagtyň özünde kölleriň saklanyp galmagy diňe bir ýerasty çeşmeden goşmaça suw almagy bilen däl, eýsem olaryň akarlylygyny üpjün edýän akymyň bolmagy bilenem düşündirilýärdi.

Süýji suw gorlarynyň iri suw üpjünçiligi üçin uly amaly bähbidiiň bardygy belli boldy, süýji suwlaryň bu ýerde iki müň inedördül kilometr meýdanda takmynan 10 kub kilometre barabar sygymly ullakan linzalar görnüşinde ýerleşýändigi anyklandy. Onuň merkezi böleginde süýji suwuň galyňlygy takmynan 80, käbir nokatlarynda bolsa ýüz metre ýetýär.

Birnäçe ýyldan soň linzanyň meýdanynda suw toplaýjy gatla guruldy, ol 1963-nji ýyldan bäri tebigy suw howdanyndan diňe bir Balkanabat şäherine däl, eýsem nebit senagat kärhanalaryna we ilatly obalara-da suw berýär. Ine, indi şunça ýylyň dowamynda nebitçiler şäheri zerurlyk üçin turbageçiriji arkaly her gün 16-dan 29 müň kub metre çenli agyz suwy bilen üpjün edilýär. Umuman alanyňda, köp ýyllaryň dowamynda bu ýerde gözegçilik, gözleg, barlag we önümçilik guýulary ýaly müňden gowrak guýy gazyldy. Häzirki wagtda gatlada (her toparda üç guýy bolmak bilen), elliden gowrak guýy topary işleýär. Mesele şundan ybarat, linzadaky süýji suwy aşakdan şor suw direnip dur, özi-de olaryň belentlik derejesi biri-birinden asla aýrylmaýar. Şonuň üçin alymlar W. Babuşkin, I. Glazunow, N. Şewçenko süýji we şor suwy birbada iki nasos bilen sormak üçin, ikili usuly teklip etdiler: biri süýji suw, beýlekisi şor suw üçin. Bu, süýji we şor suwlaryň garyşmazlygy üçin edildi. Soňky ýyllarda täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy esasynda, ýerasty linzanyň süýji suwy himiki düzümini we minerallaşma derejesini üýtgetmedi. Ol ýüzlerçe ýyl ozalkysy ýaly tagamly we süýjüligine galýar.

Wladimir Komarow

Ýashan – çölüň ajaýyp çeşmesi (turkmenistan.gov.tm)