DAGDAN AGAJY DAG GÖZELLIGINIŇ TUMARY WE NYŞANYDYR
Türkmen tebigaty baý hem köp dürlüdir. Kopetdagyň gözel manzaraly jülgelerinde gezim etseň, ýylmanak gabykly, owadan zümerret ýaprakly, syratly beýik daragtlara duş gelýärsiň. Bu dagdandyr, oňa “Kawkaz güjümi” hem diýilýär.
Dag syýahatyny halaýanlar bu agaçlaryň dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýändiklerini bilýärler. Dagdan, esasan, dag jülgeleriniň manzaraly, gaýalaryň çuňluklaryndaky jaýryklarda suw ýygnanýan künjeklerinde ösýär.
Türkmen halk döredijiliginde we nusgawy edebiýatynda bu syrdam agaçlar dag gaýalarynyň syraty, kuwwaty we tebigy gözelligi bilen baglanyşdyrylýar. “Dagdan” adyny “dagdan güýç alýan” diýip, terjime edip bolar.
Kawkaz güjümi Gündogar Türkiýeden Gimalaý daglarynyň etegine çenli duş gelýär. Dagdan dag eteklerinde deňiz derejesinden 1700-1800 metre çenli ösýär.
Türkmenistan onuň ýaýrawynyň merkezinde ýerleşýär. Biziň ýurdumyzda ol Uly Balkan, Kürendag, Günorta-günbatar, Merkezi we Gündogar Kopetdag, Badhyz we Köýtendag sebitlerinde ýaýrandyr.
Türkmenistanyň Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň tokaý we öri meýdan ekologiýasy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowanyň aýtmagyna görä, tokaý agaçlary tebigy genetik gor we milli baýlykdyr. Bioekologik aýratynlyklary öwrenmek, agaçlary gorap saklamak we sarpaly ulanmak olary köpeltmegiň usullaryny işläp düzmäge we halk hojalygyna ýaramlylyk derejesini ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.
Biziň ýurdumyzda Kawkaz güjüminiň (Celtis caucasica Wild) az sanly görnüşi ösýär. Olar boýy 10-15 metre ýetýän ýapraklary dökülýän agaçlardyr. Olaryň açyk çal reňkdäki gabygy ýylmanakdyr. Bu agaçlar aprel-maý aýlarynda gülleýär, miwesi bolsa güýzde, sentýabr-oktýabr aýlarynda bişýär. Kawkaz güjümi guraklyga çydamly ösümlikdir, ol 500 ýyla çenli ýaşaýar. Haýal ösýär, 10–20 ýaşynda bolsa miwe berip başlaýar.
Dagdanyň miwelerinde badam ýagyny ýada salýan 15%-e çenli ýag bar. Olary täzeligine ýa-da guradylan ýagdaýda, şänigi bilen bilelikde unuň içine üweýärler, ondan bolsa çapady we ýokumly “prişmi” şülesini bişirýärler. Ermenistanda miwesi üçin Kawkaz güjümini melleklerde ösdürilip ýetişdirýärler. Onuň ýapraklaryny mal iýmiti hökmünde ulanýarlar, käwagt bolsa ýüpek gurçuklaryna berýärler. Güjümiň gabygynda 8–12% tanin bar, geçmişde ol senetçilikde aşgar önümçiliginde hem boýagçylykda ulanylypdyr.
Bu daragtlaryň agajy örän gaty, çeýe we çydamlydyr, şonuň üçin-de güjüme “demir” ýa-da “daş” agaç diýilýär. Öňki döwürlerde olaryň beýikligi käte on bäş metre ýetýän göwdelerini dag obalarynda ýaşaýan adamlar ýaşaýyş jaýlaryny guranlarynda, jaýyň agramyny göterýän pürs ýa-da potolok örtgüsi hökmünde ulanypdyrlar. Bu daragtlaryň agajy hojalyk işlerinde we agaç ussaçylygynda ulanylýar. Dagdandan howut, el degirmeniniň sapyny we beýleki öý goşlaryny ýasapdyrlar.
Gadymy döwürlerden bäri ussalar bu agaçdan dürli şekilli tumar ýasap gelýärler. Adamlar şunuň ýaly tumaryň göz degmegiň öňüni almaga we şowlulyk getirmäge ukyplydygyna ynanypdyrlar. Miniatýura önümleri döşe, çaga geýimlerine we sallançaga dakylypdyr. Dagdan agajynyň kiçijek bölegi-de tumar hasaplanýar, olary ýaşaýyş jaýlarynyň girelgesinde görmek bolýar. Ussat zergärleriň ýasaýan we hakyk hem pöwrize daşy bilen bezelen köp sanly tumarlara-da “dagdan” diýilýändigini bellemelidiris. Şeýle önümlere oturymly oba ilatynyň daş-töweregi baradaky gadymy pikirlerden gelip çykýan özboluşly ynançlar siňdirilendir. Häzirki wagtda güjüm agajy sowgat önümlerini ýasamakda ulanylýan-da bolsa, gurluşykda we senagatda ulanylmaýar. Häzirki zaman tehnologiýalary ösümlik serişdelerini emeli serişdeler bilen çalyşmaga mümkinçilik berýär, şeýtmek bilen-de, tebigy baýlygy we gözelligi gorap saklamaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň ekologlary ýaşyl zolaklary gorap saklamak we köpeltmek meselelerine uly ähmiýet berýärler. Agaç görnüşleri ägirt uly amaly ähmiýete eýedir we adam tarapyndan alada bilen gurşalmaga mätäçdir. Kawkaz güjümine guraklyga çydamly tohum hökmünde ýokary baha berilýär, ol dag tokaýçylygynda eňňitleri we süýşgünleri berkitmek üçin ulanylýar. Şunuň ýaly ekinler eroziýa garşy göreşde möhüm orny eýeleýär. Dagdan goralýan tebigy zolaklarda ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biridir.
Larisa Fomina
Surat awtoryňky
Dagdan agajy dag gözelliginiň tumary we nyşanydyr (turkmenistan.gov.tm)