TÜRKMEN DILI — MILLI MEDENIÝETIŇ BAŞ BAÝLYGY

Türkmen dili türki dilleriň arasynda iň baý dilleriň biridir. Muňa halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary bolan köpsanly ýazuw ýadygärlikleri-de şaýatlyk edýär.

Türkmen edebiýatynyň naýbaşy eserleri bolan «Görogly» we «Gorkut ata» şadessanlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklarynyňam bibaha baýlygydyr. Diňe bir milli edebiýatyň nusgawy şahyrlary däl, eýsem alys Müsürden şahyr Saif Saraýi hem türkmen dilinde eser döredipdir. Onuň «Gülistan – bit türki» («Türkçe Gülistan») dessany türkmenleriň, nogaýlaryň, başgyrtlaryň, özbekleriň, gazaklaryň we garagalpaklaryň umumy ýadygärligi diýlip ykrar edildi. XIV asyrda ýaşan zehinli şahyryň onlarça gazallarydyr rubagylary, birnäçe gazallary, beýleki türki şahyrlaryňka öýkünip ýazan goşgulary saklanyp galypdyr.

Türki dilleriň ählisi boýunça 100-den gowrak hünärmen taýýarlan we «Türki dilleriň etimologik sözlügini» taýýarlamaga ömrüniň ýigrimi ýylyny bagyş eden, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Erwand Wladimirowiç Sewortýan ýazuw çeşmeleriniň hem-de dürli şiweleriň türkmen diliniň esasy baýlyklarydygyny belläpdir.

Türkmen dili nesilden nesle geçip, milletiň durmuşyny, taryhyny we medeniýetini beýan edipdir.

Türkmen dili — milli medeniýetiň baş baýlygy (turkmenistan.gov.tm)