TÜRKMENISTANLY SAZANDALAR «DUTARYŇ OWAZY» GÖZDEN GEÇIRILIŞINIŇ BAÝRAGYNA MYNASYP BOLDULAR

Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Sungatlar VI halkara gözden geçirilişiniň jemi jemlendi. Bäsleşikde baýrak alanlaryň arasynda türkmenistanly sazandalar –skripkaçy Bahram Dolyýew bilen altçy, kirişli saz gurallary orkestriniň dirižýory Tahyr Ataýew we onuň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary bar.
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň muşdaklary kän. Türkmenistanda orkestr hyjuwly joşguny we repertuar saýlamakda batyrgaýlygy bilen tapawutlanýar. Bu döredijilik toparynyň konsertleri hemişe tomaşaçylardan doly bolýar, şonuň üçinem Moskwa festiwalynyň emin agzalarynyň sazandalaryň zehinine mynasyp baha bermegi geň däldir.
- Toparymyz halkara derejesindäki bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan ýüz adamyň arasynda biz öz ugrumyzyň hersinde –solo-skripka, solo-alt, onsoňam orkestleriň arasynda ilkinji orunlary eýeläp, gowy netije gazandyk-diýip Tahyr Ataýew gürrüň berýär.
Türkmen nusgawy sazlarynyň ýerine ýetirilmegi bäsleşigiň hökmany şertidi. Ildeşlerimiz, ozaly bilen, Nury Halmämmedowyň, şeýle hem kompozitor we Moskwa sungatlar halkara festiwalynyň art-direktory Mämmet Guseýnowyň eserlerini ýerine ýetirdiler.
Moskwada her ýyl geçirilýän sungatlar halkara festiwalyna ajaýyp türkmen kompozitorynyň adynyň dakylmagy tötänlik däldir. Nury Halmämmedow «Dutaryň owazy» eserini heniz P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň talyby wagty döredýär. Ol milli medeniýetiň ösüşine güýçli täsir edip, özünden soň baý döredijilik mirasyny goýdy. Nury Halmämmedowyň eserleri diňe bir Watanynda däl, eýsem onuň çäginden daşarda-da ýerine ýetirilipdi we häzirem çalynýar.
Halkara bäsleşikden galan täsirler barada «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi Bahram Dolyýew şeýle gürrüň berdi:
Men çagalykdan skripka çalyp gelýärin, sazçylyk mekdebini, konserwatoriýany tamamlap, dürli saz toparlarynda işledim, özbaşdak çykyş etdim. Häzirki wagtda Tahyr Ataýewiň toparynda işleýärin, dogrusy, halkara derejesinde ilkinji gezek çykyş etdim. Birinji orny eýelemegime Moris Raweliň öte çylşyrymly «Sygan gözeli» rapsodiýasyny çalmagym kömek etdimikä diýýärin. Ýeňşimi bir wagtlar meni sazçylyk mekdebine beren ejeme bagyşlaýaryn.
Indi alty ýyl bäri Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwada Sungatlar halkara gözden geçirilişi tutuş dünýäden zehinli ýaş sazandalara uly sahnada öz döredijilik başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Saz bäsleşiginiň esasy maksatlarynyň birem – akademiki sazy wagyz etmek, dürli halklaryň medeniýetleriniň özara gatnaşygyny dikeltmekdir.