DAŇATAR ÖWEZOW: TÜRKMEN KOMPOZISIÝA HALYPASYNYŇ HASYL BOLAN ARZUWLARY

1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülk-Ýusup obasynda bir çaga dünýä indi, oňa Daňatar diýip at dakdylar. Şol mahal bu çaganyň kalbynda aýdym-sazyň ýaşaýandygy hiç kimiň kellesine-de gelenokdy. Sekiz ýaşa baranda, Daňatar atadan galany sebäpli, uýalary Ogulgerek hem Amansoltan bilen agasynyň öýüne göçdi. Daňataryň agasy Allamerdan ökde tüýdükçi bolansoň, köplenç agşamlaryna onuň öýünde dutar, gyjak, tüýdük sesleri ýaňlanardy. Zehinli oglan üçin bu özboluşly bir aýdym-saz mekdebi boldy.
Oba adamlary köplenç Allamerdany toý-tomaşalara çagyrýardylar, şonda inisi Daňatar hemişe onuň ýanynda bolýardy. Bir gezek toýlaryň birinde ol sungaty bilen özüni owsunlan Garly bagşynyň dutar çalşyny eşitdi. Myhmanlaryň arasyndaky söhbetdeşlikde Garly bagşy Durdy bagşy, Weýran bagşy, Jepbar bagşy we beýlekiler ýaly meşhur ussatlar hakda gürrüň berdi. «Wah, iň bolmanda, bir gezek olaryň çalşyny eşidäýsem!» diýip, owsunlanan oglanjyk arzuw etdi.
11 ýaşynda Daňatar Öwezow ilkinji gezek dogduk obasyny gidip, birnäçe günlük Mary şäherine bardy. Elbetde, oba oglanjygyny şäheriň jaýlary, köçeleri, meýdançalary täsin galdyrdy. Ýöne meýdançada nätanyş sazlary ýerine ýetirýän tüýdükçiler toparynyň çykyşlary ony hemmeden beter haýran galdyrdy. Bu sesler dutar ýa tüýdük sesine asla meňzemeýän owazlardy. Oglanjyk olaryň ýerinde bolsadym diýen uly arzuw bilen sazandalary dört göz bolup synlady.
Bu sapardan soň, Daňatar Öwezow her edip, hesip edip, Mary şäherine göçmek pikirine geldi. Çykalga-da tapyldy. 1924-nji ýylda uýalary bilen bilelikde Marydaky Döwletliler köşgüne ýerleşdi. Bir ýyldan soň bolsa Daşkendiň poligrafiýa hünär mekdebine okuwa girdi. Tehniki mekdebiň hünär ugrunyň onuň sazanda bolmak baradaky arzuwyndan has uzaklygynyň asla aýby ýokdy. Esasy zat – tehniki mekdebiň öz talyp tüýdükçiler topary bardy. Daňatar Öwezow repetisiýalary sypdyrmaýardy we alty aýdan soň baritonda birnäçe etýud hem ýöriş sazlaryny çalmagy öwrendi. «Kompozitor» diýip, talyplar onuň tutanýerliligi we zehinliligi üçin Daňatar Öwezowyň adyny şeýle tutýardylar. Degişme bilen dakylan bu lakamyň Daňatar Öwezowyň hakyky maksadyna näderejede laýykdygyny bir bilsediler!
Daňatar Öwezow 1934-nji ýylda tehniki mekdebi tamamlandan soň, Aşgabat şäherine göçýär we mugallymçylyk mekdebinde tüýdükçiler toparynyň ýolbaşçysy bolýar. Ahyrsoňy arzuwy hasyl tapyp, ol sazanda bolan ýalydy. Emma 1938-nji ýylda Aşgabatda Azerbaýjan aýdym-saz teatry açylýar, onuň sahnasynda Üzeýir Hajybegowyň üç operasy: «Asly we Kerem», «Leýli we Mejnun”, «Görogly» görkezilýär. Daňatar Öwezow bu oýunlaryň birini-de sypdyrmady. Ýokary wokal bilen tanyşmak ýigidiň kalbyny heýjana ýetirdi. «Näme üçin biz türkmen operasyny döretmeli däl?» – bu pikir ony öz erkine goýmady. Ýöne ýörite aýdym-saz bilimiň bolmasa, bu hakda arzuw edeniňe degmeýändigine-de ol gowy düşünýärdi.
1940-njy ýylda ol Leningrad Döwlet konserwatoriýasyna girýär we gysga wagtyň içinde garmoniýany we polifoniýany özleşdirýär. Ol mugallymy N.A.Timofeýewe türkmen operasyny döretmek baradaky mukaddes arzuwyny aýan edýär. Nikolaý Andreýewiç okuwçysyny goldaýar: onsoň olar iki bolup «Seýdi» operasyny düzüp başlaýarlar. Ýöne ol döwür ýörişler we Watançylyk aýdymlary beýleki eserlere garanyňda, has möhüm saýylýan döwürdi, şonuň üçin operanyň işi wagtlaýynça saklanylýar.
1941-nji ýylda Aşgabatda Opera we balet teatry açylýar, Daňatar Öwezow oňa dirižýor bolup bellenilýär. Konserwatoriýadaky okuwyň arasyny üzmeli bolýar, «Seýdi» operasy hem tamamlanman galýar. Eýsem-de, Daňatar Öwezow Adrian Şapoşnikow bilen bilelikde «Şasenem – Garyp» operasyny döretmek boýunça işe başlaýar, 1944-nji ýylda ol Ýuliý Meýtus bilen bilelikde «Leýli we Mejnun» operasyny ýazyp başlaýar. Ýene Daňatar Öwezowyň arzuwy hasyl bolýar: operanyň premýerasy ägirt uly üstünlik gazanýar. Bu bolsa «Türkmen operasy bolar!» diýmekdi.
Şeýle-de, özüne we başgalara talapkär bolan Daňatar Öwezow ägirt uly üstünlik gazanandygyna garamazdan, ýene konserwatoriýa okuwa girýär, ýöne bu gezek Moskwada. Bu onuň döredijiliginiň arşa galan wagtydy. Indi ol Adrian Şapoşnikow bilen «Aýna» operasynyň üstünde işleýär. 1957-nji ýylda bu opera Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda goýulýar.
Danatar Öwezow dört operanyň, 100-den gowrak aýdymyň, şonça-da hor üçin eseriň, şeýle hem orkestr üçin birnäçe eseriň awtorydyr. Ol 8 ýyllap Türkmenistanyň Kompozitorlar bileleşigine ýolbaşçylyk etdi. Medeniýet äleminde gazanan ägirt uly üstünlikleri üçin Daňatar Öwezow «Gyzyl baýdak» ordeni bilen sylaglanyldy. Oňa Türkmenistanyň Halk artisti diýen at dakyldy. Dünýäden ötenden soň bolsa, ol Magtymguly baýragynyň eýesi boldy.
Häzirki wagtda kompozisiýanyň halypasynyň eserlerine ildeşler uly isleg bildirýärler. Magtymguly adyndaky Türkmen aýdym-sazly drama teatrynyň sahnasynda ýurdumyzyň iň gowy aýdymçylarynyň sesleri bilen ýerine ýetirilmeginde onuň operalarynyň gahrymanlary janlanylýarlar. Wokalçylar we hor toparlary Daňatar Öwezowyň aýdymlaryny, sazandalar bolsa meşhur kantatalaryny we beýleki eserlerini ýerine ýetirýärler.
Daňatar Öwezowyň ady Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet aýdym-saz mekdebine dakyldy. Onuň ady ykbalyny aýdym-saz bilen baglanyşdyrýan ýaşlaryň, geljek nesilleriniň görelde almagy üçin nusgadyr.
Daňatar Öwezow: türkmen kompozisiýa halypasynyň hasyl bolan arzuwlary (turkmenistan.gov.tm)