EKOLOGIÝA SYÝAHATÇYLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi. Onlaýn-foruma türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatda syýahatçylykda telekeçiligiň, bilimiň we innowasiýalaryň ähmiýetiniň meseleleri, şeýle hem taryhy-medeni hem-de ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslhatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyzyň syýahatçylyk pudagy özgerýä.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy Kerim Akmämmedow öz çykyşynda ýurdumyzda hususy syýahatçylyk agentlikleri açyldy, ýokary derejeli myhmanhanalar işe girizildi, içerki syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly şertler döredildi, diýip belledi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk boýunça direktorynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa halkara syýahatçylyk kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy nygtap, döwletimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerine üns çekdi.
Beýik Ýüpek ýolunyň birleşdiriji möhüm merkezi bolan eziz Diýarymyzy gadymy döwürlerden «ýedi ýoluň çatrygy» diýlipdir. Ýurdumyzda iki müňden gowrak, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen özboluşly binagärlik ýadygärlikleri bar.
Türkmenistan köpröwüşligi, baý medeni taryhy mirasy we tebigy gözel ýerleri bilen tutuş dünýäden syýahatçylaryň ünsüni çekýän ýurtdur, bu ýerde Sumbar jülgesi, Arçman, Mollagara şypahanalary, syrly Köwata köli,«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy we başga-da ençeme ýerler bar.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustamowa adamlar bilen tebigatyň özara baglanşygyny pugtalandyrmak temasyna degip geçdi. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň «Adam we biosfera» Maksatnamasynyň çäklerinde Hazaryň gündogar kenarynyň läbik patlawuklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek mümkinçiligine garalýar. Döwlet Baştutanynyň goldamagynda Köýtendagyň daglyk ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça milli maglumat taýýarlanylýar.
Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Kanadanyň, Hytaýyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikelriniň wekilleri türkmen syýahatçylyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistanyň, Awstriýanyň syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek barada gürrüň etdi.
Maslahatda syhaýatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri halkara syýahatçylyk gatnawlarynyň çaltrak dikeldilmegine umyt bildirdiler.
Ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri (turkmenistan.gov.tm)