img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

photo

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.

Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary babatda pikir alşylmagyna garaşylýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary (mfa.gov.tm)