TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNDA ŞANLY SENELER

2022-nji ýylda Türkmensitanyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýanyna 30 ýyl dolýar, ol garaşsyz döwlet hökmünde onuň halkara (hukuk subýekti) derejesinde ykrar edilmegidi. Diplomatik gatnaşyklar özygtyýarly döwletler we halkara hukugynyň beýleki subýektleri bilen resmi gatnaşyklary amala aşyrmagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýär.

1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ilkinji boluhp ýola goýan döwlet Hytaý Halk Respublikasydyr. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşykda Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senäniň aýratyn simwoliki ähmiýetini belläp, şu döwürde deňhukuklylyk, özara peýda, hormat we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilendigini we iki halkyň abadançylgynyň hatyrasyna yzygiderli ösdürilýändigini çuňňur kanagatlanma bilen nygtady. Şu ýylyň ýanwar aýynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Daniýa Patyşalygy, Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygy bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ýakyn goňşulary – Eýran Yslam Respublikasy we Owganystan Yslam Döwleti, şeýle hem Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň beýleki döwletleri – Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýa Patyşalygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýanyna 30 ýyl dolýar. Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak notalary ýa-da hatlary, protokollary we bilelikdäki kommýunikeleri, jarnamalary we ähtnamalary alyşmak görnüşinde resmileşdirilipdi.

2-nji martda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu gurama bilen gantaşyklar geçen döwürde strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Häzirki wagtda ýurdumyz BMG-nyň Geňeşleriniň, Komitetleriniň we Komissiýalarynyň 13-siniň hataryna girýär. Türkmenistan BMG-nyň Merkezi Aziýadaky ygtybarly forpostydyr we diňe bir sebitde däl, eýsem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge aňryçäk ýardam edýär.

Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynda şanly seneler (turkmenistan.gov.tm)