KYRK ÝYLDAN SOŇ: WLADISLAW BAHREWSKIÝ – MAGTYMGULY HAKYNDA POWESTIŇ AWTORY

photo

Russiýanyň ýazyjylar birleşginiň agzasy, rus edebiýatyny ösdürmäge goşandy üçin Puşkin adyndaky baýraga mynasyp bolan Wladislaw Anatolýewiç Bahrewskiniň adyny ýurdumyzyň okyjylary gowy bilýärler. Ol taryhy romanlaryň birnäçesiniň we çagalar üçin kitaplaryň awtory, şeýle hem terjimeçi hökmünde dürli ýaşdaky okyjylaryň söýgüsini gazandy. Ol ömrüni we döredijiligini güneşli Türkmenistan bilen baglanyşdyranlygy bilen hem tanalýar.

Bu ýazyjy barada anygrak gürrüň bermek üçin biz elektron poçta bilen onuň ogly Leonid Bahrewskini tapdyk. Leonid Wladislawowiç bizden baran hata begendi we dessine kakasy bilen birleşdirdi. Birki günden biz Wladislaw Bahrewskiden hat aldyk.

Wladislaw Anatolýewiç geçen ýyl maşgalasy we dost-ýarlary bilen 85 ýaş toýuny belledi. Ýaşy birçene baran bolsa-da, henizem onuň ýüregi ýaş, diňleýjini özüne çekip bilýar.

Ol geçen asyryň 70-nji ýyllarynda «Çagalar edebiýaty» neşirýatynyň tabşyrygy bilen türkmen kärdeşlerine çagalar edebiýatyny döretmäge ýardam etmek, şeýle hem türkmen halk ertekilerini rus diline geçirmek üçin Türkmenistana gelýär. Ol myhmansöýer ilimiziň ähli künjegine aýlanyp çykýar. Ýazyjy-şahyrlardan başga-da, ol hakyky edebiýat muşdaklary bilenem gürrüňdeş bolýar. Olardan beýik şahyr Magtymguly Pyragy barada gürrüňleri eşidýär. Bu hem onda türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiligi bilen tanyşmaga höwes döredýär. Pyragynyň dogduk obasy Gerkeze baryp, gojalar we şahyryň dogan-gardaşlary bilen duşuşmagy onda Magtymguly hakynda powest ýazmaga isleg döredýär.

Wladislaw Bahrewskiý bu eseriň döreýşi barada şeýle gürrüň berýär:

- Türkmen halky Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady, atasy Magtymguly ýonaçy, şahyryň söýgüsi, onuň Nury Kazym bilen syýahatlary, Şirgazy han medresesindäki okywy baradaky rowaýatlary aýawly saklaýar.

Moskwa gaýdyp barandan soň ol nämeden başlajagyny bilmän kän gezýär. Ýogsa Magtymguly hakda maglumat ýetik ýalam. Ol tanymal şahyr we terjimeçi Arseniý Tarkowskiniň terjimesinde şahyryň goşgular ýygyndysyny ýetik öwrenýär. Diňe 1977-nji ýylda ol işe girişýär. Uzaga çeken döredijilik gözleglerinden soň «Çagalar edebiýaty» neşirýatynda onuň «Şahyr» atly powesti neşir edilýär.Ol beýik şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan rus dilindäki ilkinji eserdi. Şondan soň türkmen şahyry hakda kitap onuň döredijiliginiň muşdaklarynyň arasynda iň meşhur esere öwrüldi. «Şahyr» powesti «Azady», «Meňli», «Adalat gözleginde», («Han idim») ýaly bölümlerden ybarat. Olaryň beýik şahyryň ömrüni we döredijilgini anyk beýan edýänligi üçin şol ýyllardaky rus dilli okyjylaryň söýgüli kitabyna öwrüldi.

1981-nji ýylda «Şahyr» powesti «Magaryf» neşirýatynda türkmen dilinde neşir edildi. Ony Wladislaw Anatolýewiçiň ýakyn dostlary Kaýum Taňrygulyýew bilen Nury Baýramow terjime edipdiler. Şondan bäri kyrk ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne bu powest häli-häzire çenli hem ähmiýetini ýitirmän gelýär, çünki onda türkmen nusgawy şahyry we türkmen halkynyň ykbaly takyk beýan edilýär.

Hatynyň soňunda Wladislaw Anatolýewiç beýik şahyryň edebi keşbini döredenligine buýsanjyny beýan etdi we türkmen okyjylaryna öz döredijiligine höwesi üçin hoşallyk bildirdi.

Kyrk ýyldan soň: Wladislaw Bahrewskiý – Magtymguly hakynda powestiň awtory (turkmenistan.gov.tm)