MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI – TÜRKMEN SUNGATYNYŇ NAÝBAŞY ESERI

XVIII asyr türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan memorial toplum ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Aşgabadyň taryhy merkezinde – Magtymguly şaýoluna görk berýär. Şahyryň heýkeli çal bazaltdan çapylan, tebigy heýkeliň suduryna kybap tebigy daşdan gurlan kompozisiýa onuň binýadydyr.
Ýadygärlik 1970-nji ýylda aşgabatly binagärler bütinsoýuz bäsleşikde ýeňiş gazanan Wladimir Wysotiniň, Wiktor Kutumowyň we minskili heýkeltaraş Wiktor Popowyň taslamasy boýunça guruldy. Ýadygärligi döretmäge ermenistanly daş ýonujylar S. Grigorýan we G. Oganesýan gatnaşdylar.
Sungaty öwrenijileriň pikirine görä, bu ýadygärlik Türkmenistanyň monumental sungatynyň naýbaşy eserleriniň biri bolup, portret heýkeltaraşlygynyň ösüşinde uly tapgyr boldy. Žiwopisçi Aýhan Hajyýewiň 1947-nji ýylda döreden, şondan bärem kitaplardyr gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda, poçta bukjalarynda, markalarda, nyşançalarda, şeýle hem halylarda beýanyny tapan portreti şekile esas edilip alyndy.
Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Galina Saurowanyň «Türkmen monumental sungaty» monografiýasynda ýazmagyna görä, awtorlar beýik şahyryň watany Sumbar jülgesiniň tebigatynyň owadan künjegini ýada salýan gurşaw döretmegiň hötdesinden gelipdirler. Monumentiň awtorlary ýadygärligiň tebigat bilen sazlaşygy arkaly şahyryň watany bilen bütewiligi barada pikirini açyp görkezýärler. Şol bir wagtyň özünde şahyryň durmuş, ýagşy-ýaman, halkyň ykbaly, şygryýet barada çuňňur oýa çümen, eli golýazmaly keşbi gurşaw bilen sazalaşýar. Binýadynyň daşlarynyň birinde şahyryň ady ýazylypdyr. Onuň belentlikdäki heýkeli, hamala, läheň daşdan çykýan ýaly bolup dur, ol asman astynda we daragtlaryň öňünde has kaşaň görünýär.
Belarus heýkeltaraşy Wiktor Popow Magtymgulynyň şahsyýetiniň belentligini, onuň belent mertebesini, köňül baýlygyny we çuňňur oýlaryny açyp görkezmegiň hötdesinden gelipdir. Şahyryň çylşyrymly içki dünýäsi, onuň köpugurly zehini, danalygy we ylhamy ýüzünden görünýän asylzada keşbi hereket bilen parahatlygy, durnuklylygy we täze herekete itergi berýän ýeňillik sazlaşykly utgaşýan keşbi daşdan döredilen obrazyň psihologizmi arkaly açylyp görkezilýär. Pikir ummanyna çümen şahyr öz dogduk iliniň dag daşlarynyň birine ýaňy oturan ýaly bolup dur. Çar ýanyndan bakanyňda-da göze ilýän şahyryň keşbindäki rahatlyk bilen hereketiň sazlaşygy oňa mahsus dartgynlylyk we gussa alamatlaryny, halk şahyrynyň aşyklygyny we ylhamyny, parasatlylygyny we danalygyny görmäge mümkinçilik berýär.
Magtymgulynyň ýadygärligi – türkmen sungatynyň naýbaşy eseri (turkmenistan.gov.tm)