SUNGAT, ŞYGRYÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanan sergi guraldy.

Serginiň birinji bölümi Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr. Şahyryň Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren heýkeli iň uly we görnükli eksponatdyr. Onuň ýanynda Döwletmämmet Azady bilen Magymgulynyň portretleri hem ýerleşdirildi. Olary çeken ‒ Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew. Bu bölümde kümüş şaý-sepler ýerleşdirilipdir, şahyr zergärçilik sungaty bilen hem meşhullanypdyr. Iň täsirli eksponatlar bolsa beýik şahyryň türkmen, rus, iňlis dillerindäki goşgular ýygyndysy we golýazmalarydyr.

Serginiň ikinji bölümi resminamalara esaslanyp, ýurdumyzda kino sungatynyň emele gelşi barada gürrüň berýär. Akly-garaly suratlarda ‒ ilhalar «Magtymguly», «Uzakdaky gelinlik» we beýleki filmleriň surata düşürilýän pursatlary we filmlerden parçalar görkezilipdir. Käbir diwarlyklarda türkmen bagşylarynyň 1913-nji we 1926-njy ýyllarda alnan gaýtalanmajak, şeýle hem adygan bagşylaryň geçen asyryň 50-60-njy ýyllaryna degişli suratlary bar. Haly önümleri, haly panno we zergärçilik önümleriniň kompozisiýasy sergä aýratyn öwüşgin berýär.

Serginiň dabaraly açylyşyna alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Serginiň açylyşynda çykyş eden myhmanlar beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64214/sungat-sygyryet-halkyn-ruhy-baylygydyr