TÜRKMEN TOPRAGYNDA KANOLA GÜLLEÝÄR

Ýurdumyzyň oba hojalykçylary täze döredien kanada rapsasyny – kanolany, çigidiniň turşulygy pes bolan ýag alynýan möhüm ösümligi ösdürip ýetişdirmäge başladylar. Indi Tejen etrabynyň ekin meýdanlarynda ýaşyl zolaklar bilen gezekleşýän göze ýakymly sary zolaklary-da görmek bolýar.
Bu, Brassicaceae maşgalasyndan bolan açyk sary reňk bilen gülleýän ösümlik – kanola meýdanlarydyr. Kanola gorçisa maşgalasyna degişli bolan rapsadan düzüminde eruk kislotasynyň azlygy (2% - den az) bilen tapawutlanýar.
Eger öňler adaty rapsadan ajymtyk tagamyny berýän, şonuň üçin-de iýmite kän bir ýaramly bolmadyk (ony, esasan yşyklandyryş, soňra bolsa bug maşynlarynda ulanylyan çalgy ýagy hokmünde ulanýardylar) ýag alynýan bolsa, kanada kanolasynyň ýagy ýokary ýokumlylyk häsiýetine eýedir.
Ulanmak üçin diňe bir howpsuz bolmak bilen çäklenmän, eýsem omega-3 ýag kislotasyny-da düzüminde saklaýar, şeýle hem infarktyň we insultyň öňüni alyjy serişde hökmünde hyzmat edýär, çünki gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Bu önümiň bütin dünýäde ykrar edilmegi kanola bolan islegiň artmagyna we ýaýramagyna getirdi.
Tejen topragynda rapsanyň kanada sortuny öndürmegi ilkinjileriň biri bolup, ýerli telekeçi Muhammet Ýemşikow özleşdirdi. Ol Eýrandan we Germaniýadan getirilen kanolanyň tohumyny synag hökmünde 200 gektara ekdi. Ol her gektardan iki tonnadan-da gowrak çigit alyp, ondan ýagly kislotalar boýunça zeýtun ýagynyň düzümine golaý bolan ösümlik ýagyny öndürdi.
Soňky möwsümde Tejen etrabynda eýýäm iki müň gektardan-da köp ýere täze ekin ekilipdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldan synagyna häzirki wagtda ondan gowrak hususy hojalyk gatnaşýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda olar Kanadanyň bu ösumliginiň ekiljek ýerini iki esse köpeltmegi göz öňünde tutýarlar. Türkmen daýhanlarynyň tejribesi kanola rapsalarynyň sortundan alynýan önümleriň mal iými üçin giňden ulanylyp boljakdygyny görkezdi. Bu ekin belok düzümlerini ulanmak boýunça soýa harpygyndan soň dünýäde ikinji ýeri eýeleýär. Mundan 5-3 ýyl owal döredilen täze innowasion önüm türkmen mülkdarlaryna soýa iýmleriniň deregini ödeýän ýokary hilli önüm bolar.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy netijesinde, hususy galla ekýän hojalyklar eýýäm türkmen eksportynyň bir pudagyna öwrülen mäşi hem esli mukdarda öndürmäge başladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek we milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiligini giňeltmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäginde, telekeçi oba hojalykçylary goldamak boýunça döwlet syýasaty ýardam edýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64650/turkmen-topragynda-kanola-gulleyar