TÜRKMENISTANYŇ ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGE MÜMKINÇILIKLERI

Ýakynda Türkmenistanyň paýtagtynda sebit we sebitara gatnaşyklaryny berkitmek üçin ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan Ählumumy halkara maslahat tamamlandy. Aşgabat forumynyň işine sebitiň we dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlete degişli hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň 400-den gowragy gatnşady.
Forumda Türkmenistana ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ykdysady gatnaşyklar kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi Perhat Çaryýew hem wekilçilik etdi. Biziň habarçymyz ondan maslahatyň işi we ondan galan täsirler barada gürrüň bermegi haýyş etdi.
– Perhat, ilki bilen geçen forumyň maksatlary we wezipelri barada gürrüň beräýseňiz.
Forumyň geçen günleri meniň söhbetdeş bolan bilermenlerimiň, logistik kompaniýalaryň analitikleriniň, ulag düzümleriniň hünärmenleriniň köpüsiniň maslahatyň Türkmenistanda geçýändigine uly ähmiýet berendiklerini aýdasym gelýär. Soňky ýyllarda olaryň aglabasy hut biziň ýurdumyzyň diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde ulag-logistik başlangyçyçlaryny öňe sürýändigine bilýärler. Türikmenistanyň ulag ulgamynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kabul eden we goldan başlangyçlarynyň hem-de rezolýusiýalarynyň ençemesini öňe sürendigini hünärmenleriň köpüsi gowy bilýärler. Mundan başga-da, dürli simpoziumlary, maslahatlary, gurultaýlary geçirmek üçin öz mümkinçiliklerini yzygiderli ulanyp, logistika ulgamynda wajyp çözgütleriň taýýarlanylýan netijeli meýdançasyna öwrüldi. Geçen maslahat hem COVID-19 pandemiýasy zerarly togtadylan geljegi uly döwletara bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň we sebit ulag taslamalarynyň birnäçesiniň herekete getirilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygyny tassyklady. Aslynda, bu maslahatyň esasy maksadydy, muňa onuň «Halkara ulag üstaşyr geçelgelri: özara baglanşyk we ösüş» ady hem şaýatlyk edýär.
– Analitik we ykdysatçy hökmünde Siziň pikriňizçe maslahata gatnaşanlara näme has güýçli täsir etdi?
– Forum iki tapgyrda geçdi. Onuň birinji güni dürli ýurtlardan bilermenleriň we hünärmenleriň ençemesi çykyş etdi, olardan, aýratynam logistika ulgamynyň maglumatlary babatda täze köp zat öwrense boljak. Mysal üçin, goňşy ýurtlaryň telekeçilik we ulag kompaniýalarynyň maglumatlary ulanmagy üçin maglumatlar platformalarysyny döretmek tejribesini alyp göreliň. Telekeçiler şeýle maglumatlar serişdelerinden peýdalanyp, öz kompaniýalarynyň we firmalarynyň işini ep-esli derejede ýeňleşdirip, serişdelerini tygşytlap biljek.
Forumyň ikinji güni ulag pudagynda Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem golaýda işe girizilen awtobanyň uçastoklary we Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň ulanylmaga berlen ulag infrastrukturalar desgalary bilen tanyşlyk sebitiň bilermenleriniň köpüsinde uly täsir galdyrdy.
Türkmenbaşy deňiz porty bilermenlerde uly täsir galdyrdy. Bilermenleriň käbiri: «Bu multimodal logopark Türkmenistany sebitiň logistika ulgamynda öňdäki orunlara çykarýar» diýdiler.
– Perhat, maslahata gatnaşyp, Siz näme öwrendiňiz?
– Tejribe alyşdyk. Sebitiň döwlet ulag edaralarynyň hem-de hususy ulag-logistik kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada goşmaça maglumatlar topladym. Sebitiň hünärmenleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň wagty bilen ulag diplomatiýasy babatda institutymyzyň öňünde duran geljegi uly wezipelrei çözmekde peýda berjekdigine umyt baglaýaryn.
– Halkara bilermenleriniň çaklamalaryna görä ýakyn geljekde sebitde ulag akymlaryny saklap galmak üçin ulag hyzmatlaryna isleg diňe artar. Siziň pikiriňize görä bu ugurda Türkmenistanyň geljekki hereketleri nähili bolmaly?
– Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygynyň, eksport-import ýük daşalşynyň artýan şertlerinde Türkmenistanda döwrebap logistika ulgamynyň mundan beýlägem ösdürilmeginiň, dünýä ählumumy logistika ulgamynda eýeleýän ornumyzyň pugtalandyrylmagynyň möhüm ähmiýeti bar.
Halkara ýük daşalşynyň logistikasynyň netijeli ulgamynyň ornaşdyrylmagy ulag çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer, netijede Türkmenistanyň, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň harytlarynyň daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanar, bu bolsa olaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp şerti bolar.
Ýewraziýa yklymynyň möhüm ugurlarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşýan ýurtlar –Eýran, Pakistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we başga-da ençeme ýurtlar bilen logistik taslamalary durmuşa geçirmäge ähli şertler bar. Elbetde, şunda Türkemnistan üçin örän möhüm bu ugurda diplomatik işjeňlik ugruna eýermegi wajypdyr.
– Söhbetimiziň ahyrynda özüňiz barada-da aýdaýsaňyz.
– Halkara gatnaşykalry institutyny tamalalnymdan bu ýerde mugallym bolup işläp başlanyma indi on ýyl doldy. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna mynasyp boldum, şondan dört ýyl soň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň geçiren ylmy işleriniň bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Döwlet wezipelerini çözmek üçin kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagy baş maksadym hasaplaýaryn.
Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelge mümkinçilikleri (turkmenistan.gov.tm)