MÖHÜM TEHNOLOGIÝALAR – AGROTEHNIKANYŇ BÄHBITLERINE

«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti polimer çig maldan önümiň täze görnüşlerini özleşdirýär. Ýakyn wagtda damjalaýyn suwaryş üçin abzallary öndürýän bölüm, döwrebap awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün ediler. Olar suwuň we döküniň harçlanyşyny ep-esli azaldar, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrar, suwaryş wagtyny tygşytlar.

Telekeçileriň satyn alan enjamlarynda abzallaryň iki görnüşini – bag-bakjalary suwarmak üçin togalak, gowaça, ýeralma, sogan hem-de beýleki ekin meýdanlaryny suwarmak üçin – ýasy abzallar öndüriler. Şeýle hem önümçilige suw tygşytlaýjy möhüm tehnologýalary ornaşdyrmak boýunça Oba Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde telekeçiler damjalaýyn usulda suwaryşa niýetlenen emeli howdanlary döretmek üçin giňden ulanylýan geomembranalaryň önümçiligini özleşdirýärler.

Hojalyk jemgyýetiniň senagat meýdançasynda ýerli haryt öndürijilerden satyn alynýan çig maldan öýde ulanylýan önümler çykarylýar – bu ýerde her gün alty tonna çenli gezek geçiren paketler, zibil haltalary, ini 120 sm çenli polietilen plýonkalar öndürilýär. Galyndylary we beýleki zatlary ýygnamak üçin ulanylýan paketleri öndürmekde iň täze enjam –üfleýji awtomatik enjamlar ulanylýar.

Telekeçiler ýerli polietilen çig maldan suw we gaz geçiriji, uly ölçegli gasynly lagym turbalaryň we elektrik simlerini çekmek üçin kiçi diametrli gasynly turbajyklaryň öndürilişini birnäçe esse artdyrdylar. Hojalyk jemgyýetiniň senagat meýdançasynda munuň üçin döwrebap ekstuzion enjamlaryň ýedisi işe girizildi. Olaryň dördüsi täze bolup, turbalaryň görnüşini köpeltmäge mümkinçilik berdi. Olarda himiki taýdan durnukly, güýçli basyşa uzak wagtlap çydamly 16 millimetrden 630 millimetre çenli suw we gaz turbalarynyň ähli görnüşleriniň önümçiligi özleşdirildi.

Häzir kärhanada her aýda 300 tonnadan 400 tonna çenli turba önümleri çykarylýar. Polimer önümleri öndürmek üçin ýokary öndürijilikli täze enjamyň ulanylmagy her aýda müň tonna golaý ýokary hilli we ygtybarly turba çykarmaga, ýurdumyzyň şäherlerinde we şäherçelerinde inženerçilik ulgamlaryny abatlamak hem-de gurmak üçin jemagat hojalygynyň hünärmenlerini we gurluşykçylaryny doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Möhüm tehnologiýalar – agrotehnikanyň bähbitlerine (turkmenistan.gov.tm)