SOŇKY HABARLAR
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY GOLAÝLAÝAR...
Ýurdumyz 2022-nji ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Täze ýyl baýramynyň ýakymly howasy bar ýere ýaýraýar. Onuň golaýlaşýandygy hemme ýerde duýulýar. Hatda howa-da ony ýatladýar. Şu ýylyň dekabrynda howa ýokary (+20 gradus maýyldanam ýokary) derejeden sowuga çenli üýtgese-de, Köpetdagyň gerşindäki ak gar, säher wagty bolýan ümürlerdir çisňäp ýagýan ýagyşlar şu gyşda çagalara-da gar oýnamaga umyt döredýär. Dükanlaryň tekjelerinde kagyz sapaklar, bezeg oýnawaçlar we dürli şarlar, emeli arçalar, gel...
IŞLER BARHA ILERLEÝÄR
Oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň 200 – den gowrak görnüşi ýasalýan Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri 3 million 116 müň 62 manatlyk önüm öndürilipdir. Kärhanada geçen 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 11 aýynda manat hasabyndaky ösüş depgininiň 140 göterime golaý bolmagy bu ýerde işleriň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Dünýäniň belli kompaniýalaryndan agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuw...
AŞGABATDA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Şu gün, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow I.Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň M...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ “ITALIÝA-MERKEZI AZIÝA” DÜZÜMDÄKI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit...
DUŞANBE ŞÄHERINDE MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ FEDERAL KANSLERINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildi...
TÜRKMENISTANA SYÝAHAT: PARAWBIBI ARAMGÄHI
Türkmenistanyň islendik künjeginde gadymy rowaýatlar bilen baglanşykly ýerler bardyr. Olaryň biri hem Balkan welaýatynda Köpetdagyň eteginde owadan dag manzarlarynyň içinde ýerleşýän Parawbibiniň ak aramgähidir. Ozallar bu ýerden derde derman suwly çeşme akýan ekeni. Ol bireýýäm gurap gitse-de, bu gadymy aramgähe ozalkysy ýaly zyýarata gelýän köp. Rowaýata görä, gadym eýýamlarda bu ýerde ýaşaýan owadan Parawbibini çozup gelýan duşmana berjek bolýarlar. Ol duşmanyň eline düşmejek bolup, dag...