GYZYL KITABA GIRIZILEN ÇIGILDEMLER AŞGABADYŇ BOTANIKA BAGYNDA GÜLLEÝÄR

photo

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň hünärmenleri fenologik gözegçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň köp endemik ösümlikleriniň: Regeliň eremurusynyň, Köpetdag gyzganynyň, Bunge bägülüniň, sazagyň, gozaly iňňeýapraklylaryň ösüşini we çigildemiň çägesöw ýerde gülleýändigini bellediler.

Türkmenistandaky tebigy çigildemler ir (fewral aýynyň ahyrynda ‒ mart aýynyň başynda) güllemegi we dürli reňkleri: açyk gyzyl, gülgüne, sary we sarymtyl bilen ünsi özüne çekýär. Ýurdumyzda çigildemleriň ähli görnüşleri Gyzyl kitaba girizilendir.

Botanika bagynda çigildemleriň 2 görnüşi ösýär: Mişeliň çigildemi (lat. Tulipa Micheliana) we Lemanyň çigildemi (lat. Tulipa Lehmanniana).

Mişeliň çigildemi ‒ owadan gülleýän ösümlik, Köpetdagyň we Kürendagyň çäklerinde, dag eteklerinden daglaryň ýokarky guşagyna çenli duş gelýär. Ösüşi fewral aýynyň birinji ongünlüginde iki sany ujy çowly inçe ýapragynyň ösmegi bilen başlanýar, soň baldak peýda bolýar.

Lemanyň çigildemi ‒ Gündogar Köpetdagyň we Badhyzyň etegindäki düzlüklerde duşýar.

Botanika bagynda fewral aýynyň ilkinji ongünlüginde ösüp başlaýar. Fewralyň ahyrynda we martyň birinji ýarymynda bolsa gunçalama döwrüni başdan geçirýär.

Şeýle hem häzirki döwürde çägesöw ýerde ýerli floranyň käbir ösümlikleri bilen bir hatarda Türküstan yşgyny-da (Rheum turkestanicum) gunçalaýar. Bu ösümlik düzlüklerde, daglaryň aşaky guşagynda, eňňitlerde we jülgelerde, çägeli we palçykly çöllerde, Uly Balkanda, Kürendagda, Köpetdagda, Badhyzda, Garagumda we Hazarýaka çöllerinde duş gelýär.

Botanika bagynda onuň diňe bir görnüşi ösýär ‒ Rheum turkestanicum. Türküstan yşgyny iýmlik, dermanlyk we azyk ösümligidir. Yşgynyň ýaşaýşa ukyplylygyny öwrenmek onuň Botanika bagynyň şertlerinde bezeg aýratynlyklaryny saklaýandygyny görkezýär.

Ösümlik baýlyklaryny gorap saklamak we tygşytly peýdalanmak botanika baglaryna we dendrarilere degişlidir.

Botanika bagy, ilkinji nobatda, ylmy-gözleg, aň-bilim we okuw maksady bilen dünýäniň dürli künjeklerinden we dürli howa zolaklaryndan getirilen janly ösümlikleriň kolleksiýalarynyň ösdürilip ýetişdirilýän, öwrenilýän we görkezilýän ýeridir.

Ýerli türkmen florasynyň ösümlikleriniň ekspozisiýasy botanika bagynda üç ekologik toparda: dag, çöl we tugaý ösümlikleri arkaly görkezilýär.

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ýabany, seýrek we ykdysady taýdan gymmatly görnüşleriniň ýygyndysy agaçlardan, gyrymsy agaçlardan we ot ösümliklerinden durýar. Öwrenilýän görnüşleriň aglabasy Botanika bagynyň şertlerine üstünlikli uýgunlaşypdyr. Baharyň ilkinji maýyl günleri bilen tebigatyň oýanmagy başlanýar, muny Aşgabat botanika bagynyň dendroparkynda has aýdyň görmek bolýar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61990/gyzyl-kitaba-girizilen-cigildemler-asgabadyn-botanika-bagynda-gulleyar