SOŇKY HABARLAR
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ 8-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň başlyklyk etmeklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi. Taraplar 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen kiçi komitetiň ýedinji mejlisinden bäri alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler, şeýle-de wekiliýetleriň agzalarynyň — iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatl...
ÝERALMANYŇ BOL HASYLY ÝETIŞDIRILDI
Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl bu welaýatda ýeralma sekiz müň sekiz gektar ýere ekildi, munuň özi geçen ýyldakydan has köpdür. Ekiniň aglaba bölegi Gurbansoltan eje we S.A. Nyýazow adyndaky etraplarda ýetişdirilýär. Şu günler ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak işleri dowam edýär. Bu işde Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe we Boldumsaz etraplary öňde barýarlar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda jemi 123 müň 20 tonna ýeralma hasyly ýygnalar. Munuň üçin her gekta...
TÜRKMEN GROSSMEÝSTERI HALKARA ÝARYŞDA IKINJI ORNY EÝELEDI
Türkmensitanly grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň V açyk Halkara küşt ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň Başkent uniwersiteti bilen bilelikde guran ýaryşyna 7 döwletden we Türkiýäniň 44 wealýatyndan 600-e golaý küştçi gatnaşyp, olar 6 derejede çykyş etdiler. Iň güýçli “A” derejede mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplan azerbaýjanly grossmeýster Wugar Rasulow (FIDE-niň görkezijisinde 2458-nji) öňe saýlandy. 6,5 utuk topl...
“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çapa taýýarlanylan bu neşir jemgyýetçilik durmuşynyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär. Žurnalyň bu sany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň “BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary” atly makalasy bi...
TDHÇMB-NYŇ SÖW¬DA¬LA¬RYN¬DA GE¬LE¬ŞIK¬LE¬RIŇ 40-SY HA¬SA¬BA ALYN¬DY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türki...
TÜRKMEN HALKYNYŇ BELENT YNSANPERWERLIK TAGLYMLARY MYNASYP DOWAM ETDIRILÝÄR
Şu gün hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy, ol biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy, netijede, Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk...
BIZ SUŞI TAGAMYNY HALAÝARYS!
Şeýle at bilen Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Döwlet şekillendiriliş sungaty muzeýinde çäre geçirildi. Ony Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Şekillendiriliş sungaty muzeýiniň ýardam bermeginde gurady. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýamamoto Hiroýuki bu ýere gelenlere gutlag söz bilen ýüzlenip, hemmäni ýurtlarymyzyň arasynda diplomat...