SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE HALKARA ZÄHMET GURAMASY ÖZARA GATNAŞYKLARY GÜÝÇLENDIRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň wekili hanym Dipa Rişikeşiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky ýokary derejeli köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalary...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MEKSIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Andres Manuel Lopes Obradora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti M...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY
2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Samarkant şäherine bardy. Samarkant Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Esasy çäre - ŞHG-nyň sammiti 16-njy sentýabrda Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Samarkandyň täze syýahatçylyk merkeziniň "Beýik Ýüpek ýoly" maslahatlar zalynda geç...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE BMG-NIŇ ÖSÜŞI UTGAŞDYRMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym Gwi-Ýop Son bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ýokary derejede häsiýetlendirdiler. 2030-njy ýyla çenli meýilnamany we Türkmenistanda milli durnukly...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE BIRNÄÇE NETIJELI DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň 12-14-nji sentýabry aralygynda BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui, Abu-Dabi portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy Saif Muhammet Juma Al Şamisi, Ab...
AŞGABATDA “ÇALSANA, BAGŞY!” BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän “Çalsana, bagşy!” döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy. Bu täze aýdym-saz bäsleşigi milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň s...
ULAG HYZMATLARYNYŇ HILI ÝOKARLANAR
Daşoguz şäherinde ýolagçylar üçin häzirkizaman awtoulag menziliniň (terminalynyň) gurluşygy soňky tapgyrda barýar. Bu ýerde metal gurluşlardan galdyrylan esasy binanyň we täze gurulýan binanyň düzümine girýän dürli maksatly beýleki jaýlaryň gurluşygy tamamlandy. Şu günler “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri içki timarlaýyş işlerini alyp barýarlar, binanyň daş-töweregi abadanlaşdyryp, ulag ýollaryny asfaltlaýarlar we ýanaşyk ýerlere dürli baglary ekýärler. Şäheriň Magtymguly...