SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WENGRIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarynydyr iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DIPLOMATY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rasid Meredow BAE-niň diplomaty, Ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Degişli meseleleri taýrlamagyň wajypdygyny nygtap, taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiň nobatdaky mejlisini meý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi we türkmen halkynyň parasatly çözgüdiniň durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň, dowamatlylygyň, doganlyk ýurduň rowa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň mähirli salamyny ýetirdi we iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu wezipä be...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ MILLI OLIMPIÝA KOMITETINIŇ PREZIDENTLIGINE SAÝLANYLDY
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy. Milli sportuň hem-de Halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrmaga goşan saldamly goşandyny nazara aln...
TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy hem-de BMG-niň ýurt boýunça topary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Mejlis...