RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Maý

TÜRKMENISTANDA ÝEŇIŞ GÜNI BELLENILDI

Şu gün Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. “Ýeňiş güni adamzadyň parahat...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ UNIDO BILEN HYZMATDAŞLYGY WE ONUŇ GELJEGI

35 ýyl mundan ozal ozon gatlagyny dargadýan maddalar boýunça Monreal protokoly – ozony dargadýan himiki serişdeleri önümçilikden we dolanşykdan aýyrmak arkaly ozon gatlagyny goramak maksady bilen işlenilip taýýarlanylan Wena konwensiýasyna halkara protoky gol çekmäge taýýarlanylypdy. Ol halkara bileleşiginiň irde-giçde durmuşa geçiren daşky gurşawy goramak boýunça köptaraplaýyn şertnamalarynyň iň netijelisi diýlip, ykrar edildi, çünki onuň amal edilmegi sowadyjylarda, kondisionerlerde, aerozolla...

DOWAMY
pic
9 Maý

ASYRLAR JÜMMÜŞINDEN GALAN MONJUKLAR

?Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki gadymy Daşmetjit medresesiniň jaýynda ýerleşen halk senetleri muzeýinde gadymy monjuklaryň ýurtda iň uly kolleksiýasy bar. Olaryň köpüsini goraghananyň işgärleri 2009-2020-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň binagärlik we arheologik ýadygärliklerinde, şol sanda gadymy Yzmykşir (Zamahşary) şäherinde, orta asyrlar gala-şäherleri – Şasenemde we Diýarbekirde hem-de beýleki ýerlerde geçirilen dürli gözleg işlerinde tapdylar. Bu gadymy zatlaryň...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de ö...

DOWAMY
pic
8 Maý

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 49-SY HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, arassalanmadyk parafini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndüri...

DOWAMY
pic
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KUBA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäherindäki “Saratoga” myhmanhanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan e...

DOWAMY