TÜRKMENISTANDA BIRINJI SYNP OKUWÇYLARYNA ŞAHSY KOMPÝUTERLER GOWŞURYLAR

photo

Ýurdumyzda täze okuw ýylyna giň gerim bilen taýýarlyk görülýär. Mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi. Käbir synp otaglaryna täze mebelller, partalar, oturgyçlar, multimediýa enjamlary alyndy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde mekdep bazarlary açylyp, , olarda okuw üçin zerur esbaplarynyň ählisini amatly bahadan satyn alyp bolýar.

Däp bolşy ýaly täze okuw ýylynyň başynda birinji synpa gidýän körpeleriň müňlerçesine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan okuwçy noutbuklary gowşurylar.

Kompýuterleriň operasion ulgamy okuw maksatnamalaryndan başga-da, aň ösdüriji dürli goşundylary goýmaga mümkinçilik berýär. Şahsy kiçi kompýuteriň operatiw huşy iki gigabaýt, içerki hakydasy 32 GB-a niýetlenen.

Mundan başga-da, ýörite programmalarda türkmen, rus we iňlis dilleri bar, bu bolsa daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenýän çagalar üçin örän oňaýlydyr.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65569/turkmenistanda-birinji-synp-okuwcylaryna-sahsy-kompyuterler-gowsurylar