BAKJA ÖNÜMLERINIŇ BOLÇULYGY DÖREDILÝÄR

Balkan welaýatynyň hasyl ussatlary ekin meýdanlaryndaky gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde guramaçylykly dowam etdirýärler.
Günbatar sebitiň Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary bolsa zeýtun ýaly miweleri taýýarlamakda adygan bolsalar, Serdar, Bereket etraplarynyň daýhanlary bakja önümleriniň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribeler topladylar.
Şu günlerde olaryň Garagum derýasynyň boýundaky ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan netijeli işleri hem belent sepgitleriň gazanylýandygyna güwä geçýär. Diýarymyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök-bakja we miwe önümleri bilen dolduryp, ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlemekde balkanly bakjaçylar has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar jennetiň nygmaty hasaplaýan gawunlaryň waharman, gülaby, garrygyz ýaly birnäçe görnüşlerinden ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alýarlar. Welaýatyň daýhanlarynyň ösdürip ýetişdirýän gawundyr garpyzlaryna diňe bir welaýatyň çäginde däl, eýsem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle-de beýleki welaýatlaryň merkezlerinde hem uly isleg bildirilýär. Hut şeýle bolansoň, ekologik taýdan arassa, datly tagamlara eýe bolan gawun-garpyzlary ösdürip ýetişdirýän balkanly babadaýhanlar öz ýetişdiren nygmatlaryny ýurdumyzyň bazarlaryna, söwda nokatlaryna ugradyp, dessine sarp edijilere ýetirýärler.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65549/bakja-onumlerinin-bolculygy-doredilyar