TÜRKMEN DZÝUDOÇYLARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ÜÇ BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR

photo

Türkiýäniň Konýa şäherinde türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlarda üç bürünç medal gazandylar.

Maksatnamanyň şu görnüşinde gyzlaryň we erkekleriň agram derejeleriniň ýedisinde 36 ýurtdan 198 dzýudoçy 14 toplumda medallar ugrunda güýç synanyşdylar.

Gyzlaryň bäsleşiginde Türkmenistanyň toparynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 20 ýaşly Zülhumar Daşgynowa üçünji orny eýeledi. Şu agramda Amina Belkadi (Alžir) çempion boldy. Seýma Ozerler (Türkiýe) kümüş medala, ikinji bürünç medala bolsa Sewinç Isokowa (Özbegistan) mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 23 ýaşly talyby Hakberdi Jumaýew bürünç medaly 60 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu bäsleşikde Balabaý Aghaýew (Azerbaýjan) altyn medaly, özbegistanly pälwan Kemran Nurillaýew kümüş, gazagystanly Kanat Selikhan hem ikinji bürünç medaly gazandylar.

Şu agramda beýleki bir türkmen dzýudoçysy – Aýbek Omirow Fraj Duibi (Tunis) bilen bäşinji orny paýlaşdy.

23 ýaşly Hekim Agamämmedow 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Bu agram derejede Sardor Nurillaýew (Özbegistan) altyn medaly, Abderrahman Buşita (Marokko) – kümüş, Ramazan Kojakow (Bahreýn) – ikinji bürünç medaly gazandylar.

Şu agramda türkmen türgenleriniň ýene-de biri – Serdar Rahymow Aýbolat Ystybaý bilen (Gazagystan) bäşinji orny paýlaşdy.

Şeýle-de, V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda türkmen türgenleri Saýara Rozyýewa (52 kg. çenli) hem-de Gözel Nowruzowa (57 kg. çenli) gyz dzýudoçylarynyň ilkinji bäşliginiň sanawyna düşmegi başardylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65568/turkmen-dzyudocylary-v-yslam-raydaslygy-oyunlarynda-uc-burunc-medal-gazandylar