19-NJY AWGUST BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNÜDIR

Her ýyl awgustyň 19-ynda dünýädäki ähli fotosuratçylar – höwesjeňler we hünärmenler şahsy baýramlaryny – Bütindünýä fotosurat gününi belleýärler. Bu baýram 2009-njy ýylda döredildi.
Bu sene fotosurat çap etmegiň usulynyň – dagerrotipiň, ýagny hazirki fotosuratyň gadymy görnüşiniň 1839-njy ýylyň hut şu gününde köpçülige hödürlenendigi üçin saýlandy.
Fotosurat adama möhüm wakalary, gyzykly durmuş parçalaryny, owadan ýerleri, gaýtalanmajak pursatlary saklap galmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär. Suratlaryň saýasynda adamlar durmuşyň möhüm pursatlaryny ýene bir gezek ýatlap, geçmişe gaýdyp barýarlar. Köpler üçin fotosuratçylyk ýöne bir güýmenje däl-de, ýylgyryş peşgeş berýän hünärdir.
Elbetde, fotosuratçylyk bu işi öz hünäri hökmünde saýlanlaryň durmuşynda aýratyn orun tutýar, çünki olaryň işine, hakykatdan-da, “sungat” diýmek bolar. Mysal üçin, birnäçe ýyl ozal Türkmenistanyň iň ökde fotosurat ussatlary Aşgabatda ‘Keýikokara” ( “Ferula”) fotoklubyny döretdi. Bu birleşme öz adyny Garagum çölünde duş gelýän ösümlikden aldy. Tebigatyň döreden bu ajaýyp zadynda gülem ýok, ýapragam – olaryň ornuny gije içine çyg ýygnanýan okara görnüşindäki ösüntgiler tutýar. Haýwanlaram, ýolagçylaram şu nem bilen teşneligini gandyryp, täzeden güýç toplap bilýärler.
Klubyň ýolbaşçysyy, Halkara fotosurat sungaty federasiýasynyň (FIAP) hormatly agzasy Wýaçeslaw Sarkisyanyň pikiriçe, klub --zehinli fotosuratçylara döredijilik teşneligini gandyrmaga we ajaýyp eserlerini dünýä bilen paýlaşmaga kömek edýär.
Wýaçeslaw surat klubynyň durmuşyndan soňky täzelikler we geljek üçin meýilnamalary barada “Altyn asyryň” habarçysyna seýle gürrüň berdi.
– 2021-nji ýylda ‘Keýikokara” (“Ferula”) fotoklubynyň hünärmenleriniň işleri Hytaýda, Awstriýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Russiýada we ABŞ-da geçirilen halkara sergilerde görkezildi. Şeýle hem geçen ýyl türkmenistanly fotosuratçylar ilkinji gezek FIAP klublarynyň arasynda geçirilen on bäşinji dünýä bäsleşigine gatnaşdylar. Ýaryşa jemi 232 topar gatnaşyp. ýurdumyzyň wekilleri çäräniň netijeleri boýunça, 305 utuk hasabyny aldylar. Şu ýyl klubymyzyň wekilleriniň işlerini russiýaly, awstriýaly, hytaýly, gruziýaly we çehiýaly foto sungatyny söýüjiler gördüler.
Sentýabr aýynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda “Ferula 2022” Üçünji halkara foto bäsleşigi yglan ediler, onuň netijeleri 12-nji dekabra çenli jemlener. Geçen ýylky bäsleşige 50-den gowrak ýurtdan fotosuratçy gatnaşdy, bu ýyl olaryň sanynyň hasam artjakdygyna umyt baglaýarys.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65594/19-njy-awgust-butindunya-fotosurat-gunudir