TÜRKMEN DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI

photo

Tomsuň soňky ýekşenbesinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Zeminde parahatçylyga we dostluga bagyşlanan aýdym-sazly agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.

Jakomo Puççininiň, Juzeppe Werdiniň we Nury Muhadowyň eserleri ýaňlanan konsertde Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň filmlere ýazan sazlary esasy oruny tutdy.

Konserte Türkmen döwlet hory we aýdymçylar, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinyýaz Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Leýli Ökdirowa, Gurbanmyrat Jumanyýazow gatnaşdylar.

Diňleýjiler «Gelin», «Aýal ata çykanda», «Ak tümlük», «Çarlak» kinofilmlerindäki «Hüwdi», «Wals», «Humaý gözleriň», «Ýaşlar tansy» ýaly aýdymlary uly höwes bilen diňlediler.

Horuň we orkestriň ýerine ýetirmeginde O. Walgelisiň «Jennetiň eýelenmegi» atly kinofilme ýazan sazy, şeýle hem konsertiň ahyrynda ýaňlanan Rejep Rejebowyň «Ýaşlar tansy» diňleýjilere aýratyn täsir etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65823/turkmen-dowlet-simfoniki-orkestrinin-konserti-gecirildi