TOM SOÝER «ARTIST» TEATRYNYŇ SAHNASYNDA

«ArtIst» teatrynda Mark Tweni «Tom Soýer» romanynyň äheňinde adybir spektakl goýulýar. Oýun goýujy režisýor Tatýana Öwezmyradowa we Çagalar teatr studiýasyna gatnaýan çagalar çet-gyraky amerikan dini mekdebinde Tom Soýeriň hem-de onuň dostlarynyň gabat gelýän üýtgeşik wakalaryny sahnada beýan etmegiň hötdesinden gelýärler.
Ýaşajyk studiýaçylar ýüz elli ýyl töweregi mundan ozal medeniýeti gaýry başga yklymda ýaşan deň-duşlarynyň keşbini hyjuwly döredýär. Olaryň yhlasy ýerine-de düşýär.
Spektakla çagalary has köp çekmek üçin aktýorlar düzüminiň ikisini girizmek karar edildi. Tom Soýeriň keşbini döretmek Ýusup Ýagşyýewe we Matweý Gulýanisskä, Sidiňkini – Nikon Kozlowa hem-de Stas Demidowskä, Bekkiniň keşbini döretmek – Kristina Strelkowkihe we Aleftina Doroşenko tabşyrylypdyr. Iki düzümde-de Mark Tweniň keşbini Aman Ýagşyýew döredýär.
Spektakly Tatýana Öwezmyradowa sahnalaşdyrdy. Tatýana Gennadýewnanyň «ArtIst» teatrynda çagalara niýetlenen spektakllary goýanda has güýçli çagalar nusgawy edebiýatyny saýlaýandygyny bellemek gerek. Olardan Kiplingiň «Peýwagtyna gezip ýören mawan», Ekzýuperiniň «Kiçijik şazada» ýaly spektakllaryny agzamak ýeterlikdir. Mark Tweniň «Tom Soýeri» teatryň repertuarynda dünýa nusgawy çagalar edebiýatynyň naýbaşylarynyň üstüni ýetirer.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65669/tom-soyer-artist-teatrynyn-sahnasynda