DAGLARYŇ WASPÇYSY

Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň şu ýyl 85 ýaşy dolýar. Ol dürli usullarda ýüzlerçe suratlary – portretleri, peýzažlary, natýurmortlary, bezeg şekillerini çekdi.
Kärdeşleri Annadurdy Almämmedowy daglaryň waspçysy diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol öz eserlerinde daglaryň gözelligini, kuwwatlylygyny we beýikligini türkmen suratkeşleriniň arasynda hiç kim bilen deňeşdirip bolmajak derejede ýadawsyz wasp edýär.
Annadurdy Almämmedow Türkmenistanyň günbatarynda, Bendesen obasynda (Serdar şäherinden uzak bolmadyk ýerde) önüp ösýär. Bu oba üýtgeşik öwüşginli gurşawda dag belentlikleriniň arasynda ýerleşip, bu görnüşler çagalygyndan onuň kalbyny gurşap aldy.
Ol suratkeş bolup, türkmen tebigatynyň keşbini beýan edýär. Oňa aýratyn-da daşky gurşawy, dag tebigatynyň gözelliginiň kompozisiýasyny döretmek başardýar. Suratkeş dymyp oturan daglaryň garly başlarynyň tebigy gözelligini baharda gül açýan baglar, şildiräp akýan çeşmeler, bagy-bossanlyga bürenen obalaryň gelşikli öýleri bilen janlandyrýar. Bularyň ählisi onuň «Daglar», «Ak daglar», «Köne-Kesir», «Bahar», «Güýz peýzažy», «Gülälekli meýdan», «Ülkäm gülleýär» atly işlerinde we beýlekilerde beýan edilýär.
Döreden eserlerini döwlet we halkara sergilerinde (Angliýa, Türkiýe, Eýran, Owganystan, Russiýa, Özbegistan) görkezip, Annadurdy Almämmedow tomaşaçylar bilen özüniň tebigat baradaky ajaýyp duýgusyny paýlaşmagy başarýar. Annadurdy aganyň döreden gymmatly surat eserleri Niderlandlaryň, Russiýanyň, Siriýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Angliýanyň we Amerikanyň gymmatly eserleri toplaýan adamlarynyň hususy surat hazynalarynda gabat gelýär.
Hakyky halypa suratkeş Annadurdy Almämmedow indi 50 ýyl töweregi suratkeşligiň gizlin syrlaryny ösüp gelýän nesiller bilen paýlaşýar. Talyplar bilen gatnaşmak, surat çekmäge tebigata çykmak, ýaşuly suratkeşde täze döredijilik eserlerine hyjuwy oýarýar.
Annadurdy Almämmedow türkmen žiwopisiniň ajaýyp ussatlarynyň biri bolup, yhlasylylygy, zähmetsöýerligi we ýiti zehini bilen ildeşlerimiziň hormat-sarpasyny gazandy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65700/daglaryn-waspcysy