TÄZE BINALAR GURULÝAR

photo

«Derkar» hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherinde jemi 80 hojalyga niýetlenen dört gatly jaýyň birbada dördüsini gurýar. Biri-birine sepleşik täze binalar şäheriň merkezinde, S. Türkmenbaşy şaýolunyň Alp Arslan köçesi bilen kesişýän ýerinde ýerleşýär. 

Häzirki wagtda olaryň üçüsinde daşky we içki timarlaýyş işleri alnyp barylýar, dördünjisiniň bolsa diwarlary galdyrylýar. Ýaşaýyş üçin amatly meýilleşdirilen öýleriň otaglary giňligi we beýikligi bilen tapawutlanýar. Olaryň iň ulusynyň umumy meýdany 229 inedördül metrden gowrak, beýikligi bolsa üç metr 30 santimetrdir. Öýleriň açyk eýwanlary-da bar, olarda dürli maksatly goşmaça jaýlar-da gurlupdyr. Jaýlaryň aşaky gaty dükanlar üçin bölünip berler, bu bolsa şäheriň şu böleginiň söwda nokatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrar. Jaýlar bu ýerde ýerleşýän ýaşaýyş we edara binalarynyň binagärlik ansamblyna doly sepleşip gidýär.

Daşoguzdaky şäher gurluşyk işlerinde ýeriň we tebigy baýlyklaryň, şeýle hem bar bolan dürli inženercilik we tehniki aragatnaşyk ulgamynyň aýawly ulanylmagyna has köp üns berilýär. Häzir bu ýerde, şol sanda şäheriň merkezi böleginde-de, boş ýerlerde täze ýaşaýyş jaýlary ýa-da hususy söwda kärhanalary gurulýar. Hünärmenleriň sözlerine görä, bu iş ilatyň ýaşamagy we sosial infrastrukturanyň mundan beýläk-de ösmegi, sebitiň dolandyryş merkeziniň häzirki zaman täze binagärlik keşbiniň emele gelmegi üçin amatly şertleriň döremegine mümkinçilik berer. Bu işlerde esasy ornuň ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň kärhanalaryna berilýändigini-de bellemelidiris. Häzir ýurdumyzyň demirgazygynda dürli häsiýetli gurluşyk işleriniň agramly bölegi hut hususy telekeçileriň tagallasy bilen alnyp barylýar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65820/taze-binalar-gurulyar