MIRAS HUKUGY EMLÄK HUKUGY BILEN AÝRYLMAZ BAGLANYŞYKLYDYR

Ýigrimi dört ýyl mundan öň Türkmenistanda Raýat kodeksi kabul edildi.
Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi raýat dawalarynda ýüze çykýan meseleleriň iş ýüzünde çözülmegi bilen bir wagtda bolup geçýärdi.
Bu ýagdaýlary göz öňünde tutup, 1992-nji ýylda ýurtda Esasy Kanun kabul edildi, bu bolsa ýuristlara we hukukşynaslara ýerli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Biraz wagtdan soň, 1998-nji ýylda Raýat Kodeksi kabul edilýär, onda hemmeleri wajyp durmuş meseleleri boýunça raýatlaryň hukuklary anyk düzgünleşdirilýärdi.
2012-nji ýylda Maşgala Kodeksiniň, 2015-nji ýylda bolsa «Notariat we notarial işi hakynda» Kanunynyň kabul edilmegi bilen, mysal üçin, miras alma hukugy ýaly düzgün-de tassyklanýar.
Agzalyp geçilen kanun namalarynda kimiň, haçan we nähililikde emlägi miraslyk hukugyna eýe bolup bilýändigi anyk görkezilýär. Şol kanunlar boýunça-da, emläk hukugynyň ýiti meseleleri çözülýär. Mysal üçin, Maşgala Kodeksiniň 52-nji maddasynda maşgala gatnaşyklaryndaky jedelleri çözmegiň ýollary görkezilýär.
Hukuky kadalaşdyryş meseleleriniň derwaýyslygy şeýle bir uludyr welin, ol kanun ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Şunuň ýaly zerurlyk dürli-dürli durmuş gatnaşyklary seljerilende, has ýiti ýüze çykýar. Köplenç şeýle ýagdaýlar är-aýalyň biriniň umumy emläkden beýleki tarapyň paýyny miras almagyna ýa-da miras resminamalarynyň baglaşylmagyna degişlidir.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65717/miras-hukugy-emlak-hukugy-bilen-ayrylmaz-baglanysyklydyr