TÜRKMEN DZÝUDOÇY ALTYN MEDAL GAZANDY

Türkmen dzýudoçysy Mekan Baýramow Türkiýäniň Sakarýa şäherinde tamamlanan “30 Agustos Zafer Haftası Uluslararası Valilik Kupası” atly halkara ýaryşynda altyn medal gazandy.
100 kg. agramda çykyş eden ildeşimiz bu üstünlige finalda Rejep Çimeniden (Türkiýe) üstün çykyp ýetdi.
Bu ýaryş milli baýramyň – Türkiýede 30-njy awgustda bellenýän Ýeňiş Gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Sakarýanyň şäher häkimligi gurady.
Türkmen dzýudoçylary 3-4-nji sentýabrda Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçiriljek “Ýewropa-2022” açyk çempionata gatnaşmagy göz öňüne tutýarlar. Bu ýaryşda 14 medal toplumy ugrunda (7 erkek we 7 gyz agram derejesinde) 38 ýurtdan 311 türgen (204 erkek we 107 gyz) bäsleşer diýlip garaşylýar.
“Ýewropa-2022” açyk çempionatda Türkmenistanyň toparynda 28 dzýudoçy (16 erkek we 12 gyz) çykyş eder.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65850/turkmen-dzyudocy-altyn-medal-gazandy