«KÖPETDAG» TOPARY ÝEŇIŞ GAZANDY

«Merw» topary bilen Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň arasynda Maryda geçen oýun bilen ýokary liganyň toparynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyry başlandy.
Bu iki topar şu çempionatyň çäginde eýýäm duşuşypdy. Aşgabatda geçen birinji tapgyryň duşuşygynda üstünlik «Merwe» hemra boldy – 1:0.
Jogap oýny 5-nji minutda hasaby açan «Köpetdag» toparynyň görnetin artykmaçlygy bilen geçdi. Ýagşysähet Döwletgeldiýew öz jerime meýdançasynda oýnuň düzgünini bozdy we emin Jumamyrat Jumamyradow 11 metrlik urgy belledi. «Köpetdag» toparyndan Begenç Akmämmedow pökgini tora saldy.
Hasap myhmanlaryň peýdasyna 1:0 bilen toparlar arakesmä çykdy.
Oýnuň netijesi 83-nji minutda, Begenç Akmämmedow 20 metrden güýli urgy bilen topy ikinji gezek tora salyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyna ýeňiş getirende belli boldy – 2:0.
Şeýlelikde «Köpetdag» 12 utuk gazanyp, ilkinji üçlüge has golaý geldi. Häzir üçünji orunda barýan «Merwiň» 13 utugy bar. Ýöne «Merw» bilen «Köpetdag» toparlary 11 utuk toplap, sanawda bäşinji orny eýeleýän Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» bir oýny artyk oýnapdyr.
Türkmenistan-2022 futbol çempionatynda 19 utuk toplan «Ahal» toparynyň ýaryşyň öňüni çekip barýandygyny ýatladýarys. Ikinji orunda barýan ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyr» ondan 4 utuk yza galýar.
Milli çempionatyň 8-nji tapgyry 3-nji sentýabrda boljak «Energetik» – «Altyn asyr», «Nebitçi» – «Ahal» we «Aşgabat» – «Şagadam» toparlarynyň oýunlary bilen tamamlanar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65977/kopetdag-topary-yenis-gazandy