ŞORLAŞAN ÝERLERIŇ KARTASYNY DÜZMEK BOÝUNÇA ONLAÝN-MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

29-31-nji awgustda Aşgabatda BMG-niň OHAG-niň Ählumumy Toprak Hyzmatdaşlygy (ATH) bilen hyzmatdaşlygyndaOHAG-niň ÄEG-niň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak we şorlaşan ýerlerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak (ИСЦАУЗР-2») sebit taslamasynyň çäklerinde şorlaşan ýerleriň kartasyny düzmek (SAS) boýunçaözara tejribe alyşmak üçinüç günlük onlaýn-maslahat guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, şol sanda Ýer serişdeleri gullugynyň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar.

Özara tejribe alşylanda geljekde hasyllylygy dikeltmek maksady bilen şorlaşan ýerleriň milli kartasyny düzmegiň döwrebap usullaryny öwretmek maksat edildi.Onlaýn-maslahata gatnaşanlarýerleriň kartasy, olaryň ösümlik örtügi, klimatynyň aýratynlygy, relýefiniň çäkleri, uzak aralykdan zondirlemegiň şekilleri, ýerasty suwlaryň derejesi ýalybaşlangyç milli maglumatlarbilen tanyşdyryldy. Olar öwredilýän meseleler boýunça şekilli maglumatlar bilen tanyşdylar, interaktiw görnüşde özlerini gyzyklandyrýan we takyklaýjy sowallary berdiler.

Maslahatyň her tapgyry, aýry-aýry tema bagyşlandy. Birinji gün SAS okuw maksatnamasyna giriş sapagy boldy we alnan maglumatlary işlemek bilen baglanşykly tema garaldy. Ikinji gün alnan maglumatlaryň sanly şekilini görkezmäge we topragyň sanly kartasyny düzmäge bagyşlandy, üçünji gününiň temasy SAS kartalarynyň takyklygyna baha bermek bilen baglanşykly boldy. Onlaýn-maslahat geçilen sapaklary gysgaça gaýtalamak we onuň jemini jemlemek bilen tamamlandy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65924/sorlasan-yerlerin-kartasyny-duzmek-boyunca-onlayn-maslahat-gecirildi