TENNIS MUŞDAKLARY OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ MEÝDANÇALARYNA ÇAGYRYLÝAR

Öňümizdäki günler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde uly tennisiň alamaty astynda geçiriler. Onuň meýdançalarynda 8-13-nji oktýabr aralygynda 18 ýaşa ýetmedik türgenleriň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty, tälimçiler üçin okuw seminary, şeýle hem Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) wekili Amir Borgeiniň gatnaşmagynda ilkinji höwesjeň tennis ýaryşy bolar.

Amir Borgei ýaryşa gatnaşýanlar üçin ussatlyk dersini berer. Guramaçy bolup, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we tennis federasiýasy çykyş edýär.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna habar berilişi ýaly, bu çäreleriň maksady çagalaryň we ulularyň arasynda tennisi giňden ýaýartamak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we tälimçiler toparynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmakdyr.

Amir Borgei Türkmenistana saparynyň çäginde 10-11-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatda çykyş eder. Gibrid formatda geçiriljek bu çäre 20 döwletden alymlary we hünärmenleri bir ýere jemlär diýlip garaşylýar.

Tennis muşdaklary Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalaryna çagyrylýar (turkmenistan.gov.tm)