TÜRKMEN SAMBOÇYLARY AKTAUDA GEÇEN AZIÝANYŇ AÇYK KUBOGYNDA 11 MEDAL GAZANDYLAR

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde tamamlanan Aziýanyň açyk kubogynda türkmen samboçylary biri altyn, ikisi kümüş we sekizisi bürünç bolmak bilen, 11 medal gazandylar.

«Mangistau Arena» stadionynda geçen, 7 agram toparyndaky erkekdir zenanlaryň arasyndan sport we söweş sambosynda iň güýçlüleri kesgitlän bu ýaryşlara 9 ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Aşgabadyň Sport we ýaşlar syýasaty boýunça Baş müdirliginiň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýlar Melikowa 50 kilograma çenli agram toparynda söweş sambosynda iň ýokary baýraga mynasyp bolup, birinji orny eýeledi. Türgeniň bu gazanan üstünliginde onuň tälimçileri Nurmyrat Babaýew bilen Nury Tekäýewiň-de uly goşandy bar.

Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty boýunça Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň faraply tälimçisi Begenç Baltaýew Aziýanyň açyk kubogynda 79 kg çenli agram toparynda sport sambosynda, 88 kg çenli agram toparynda bolsa söweş sambosynda kümüş medala mynasyp bolmak bilen, goşa üstünlik gazandy.

Türkmenistanyň toparyna ýene iki bürünç medaly sport we söweş sambosynda Annageldi Annasähedow (88 kilograma çenli) getirdi.

Sport sambosy boýunça ýaryşlarda ýene iki bürünç medaly Nazar Lollekow (98 kg-dan ýokary) we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Babekow (58 kg çenli) gazandy. Muhammetmyrat üçin bu ýyl diýseň üstünlikli ýyl boldy. Ol iýun aýynda Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy, sentýabr aýynda bolsa Halkara uniwersitet sport federasiýasynyň (FISU) howandarlygynda Samsunda (Türkiýe) talyplaryň arasynda söweş sungaty boýunça geçirilen dünýä kubogynda ýeňiji boldy.

Dünýä Kubogy-2022-niň söweş sungaty boýunça 71 kg çenli agramly talyplar arasyndaky kümüş medala eýe bolan we Aziýa-2018-iň çempiony Sapar Döwletow Aktauda geçen Aziýa açyk kubogynda 79 kilograma çenli agram toparynda söweş sambosy boýunça ýaryşlarda bürünç medala eýe boldy. Söweş sambosynda hut şunuň ýaly üstünligi Ýusup Taňryberdiýew (58 kg çenli), Dawid Awçýan (71 kg çenli) we Weronika Rus (54 kg çenli) dagy-da gazandylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66991/turkmen-sambocylary-aktauda-gecen-aziyanyn-acyk-kubogynda-11-medal-gazandylar