TÜRKMEN ŞAHYRYNYŇ GOŞGUSY «EDEBIÝAT DOSTLUGY – HALKLARYŇ DOSTLUGY-2022» EDEBI TERJIMELER BÄSLEŞIGINE GATNAŞDY

Şu güýzde tamamlanan «Edebiýat dostlugy – halklaryň dostlugy-2022» edebi terjimeler bäsleşiginde sözme-söz terjimeden rus diline terjime etmäge hödürlenen milli şahyrlaryň eserleriniň arasyna belli türkmen şahyry, terjimeçi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem bir goşgusy bar.

Nepis şahyrana we çuňňur filosofik eserleriň awtory K. Gurbannepesow şahyrana kitaplaryň 20-den gowragyny döretdi.Olardan her okyjy şahyryň ömrüň manysy, müdimi gymmatlyklar, sungat we şahyryň wezipesi hakda öz ýüregine, duýgularyna ýakyn pikirleri tapýar. Türkmen şahyrynyň eserleri dilleriň birnäçesine terjime edildi, onuň goşgularyna halkyň ýüregine siňen aýdymlar döredildi.

Magtymguly Pyragy çagalykdan Kerim Gurbannepesowyň ruhy halypasy bolup, onuň üçin ahlak ölçegi we ylham çeşmesi bolupdy. Onuň Magtymgulynyň belentligine baş egýänligi şahyryň goşgylarynda, gündeliklerinde we ýazgylarynda galypdyr, 1970-nji ýylda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň berilmegi onuň üçin ýokary baýrak bolupdy.

«Edebiýat dostlugy – halklaryň dostlugy-2022» edebi terjimeler bäsleşiginiň çäklerinde türkmen şahyrynyň goşgularyny belarusly, gazagystanly, özbegistanly, ysraýylly, norwegiýaly we Russiýanyň sebitleriniň ençemesinden awtorlar rus diline terjime edip bilýärdiler, olar öz işlerini ygtybarly eminler toparynyň garamagyna iberdiler.Bäsleşik halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmagy, milli edebiýatlary ösdürmegi we olary goldamagy; milli şahyrlaryň döredijiligini wagyz etmegi, zehinli terjimeçileri goldamagy maksat edinýär. Şu ýyl bäsleşigi Russiýanyň Ýazyjylar birleşiginiň Astrahan bölümi eýýäm sekizinji gezek gurady. Oňa döredijilik birleşiklerine degişliligine, ýaşyna we edebi tejribesine garamazdan, isleg bildirenleriň ählisi gatnaşyp bilýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66971/turkmen-sahyrynyn-gosgusy-edebiyat-dostlugy-halklaryn-dostlugy-2022-edebi-terjimeler-baslesigine-gatnasdy