«ARŞYN MAL ALAN» AŞGABATDAN ASTANA UGRAÝAR
22 – 31-nji oktýabr aralygynda Astana şäherinde görnükli teatr we kino rerežissýory, Gazagystanyň Halk Gahrymany, SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýraklarynyň eýesi Azerbaýjan Madiýewiç Mambetowyň 90 ýyllygyna bagyşlanan II «TeatrALL» halkara teatr festiwaly geçiriler.
Astana şäheriniň häkimligi hem-de Azerbaýjanyň Mambetow adyndaky döwlet drama we komediýa teatry Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň, şeýle hem «TÜRKSOY» halkara türk medeniýet guramasynyň goldawy bilen Festiwalyň guramaçysy bolup çykyş edýärler.
Bu festiwala biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran Üzeýir Hajybegowyň «Arşyn mal alan» sazly komediýasyny görkezmek bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynyň aktýorlary gatnaşarlar. Bu oýnuň baş keşplerinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çaryýew (Esker), Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa (Gülçehre), Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew (Süleýman) we başgalar çykyş ederler.
Aktýorlarymyza üstünlikli çykyş arzuw edýäris!
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67179/arsyn-mal-alan-asgabatdan-astana-ugrayar