DÖWLET EMLÄGINI YNANÇLY DOLANDYRMAGA BERMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANYLDY

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şeýle-de “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.

Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)