«GYZYL KÜRTE» FILMI «BASTAU» HALKARA FILM FESTIWALYNDA GÖRKEZILER

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň filmi noýabr aýynyň 29-yndan dekabr aýynyň 4-i aralygynda Gazagystanda geçiriljek talyp filmleriniň we ilkinji alnan filmleriň «Bastau» Halkara festiwalynyň bäsleşikden daşary meýilnamasyna girizildi.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginiň önümi bolan «Gyzyl kürte» filmi 2-nji dekabrda Almaty şäherinde görkeziler.

Urşa giden söýgüli ýaryna wepaly oba gelniniň ykbaly barada gürrüň berýän filme ýakyn we uzak ýurtlaryň köpüsinde tomaşa edilendigini ýatladýarys. Türkmenistanda «Medeniýet hepdeligi-2022»-niň çäginde bu filmiň giň halk köpçüligine görkezilişi boldy.

Bir ýylyň dowamynda Sahysalyh Baýramowyň bu filmi Ýekaterinburgda Ýewraziýa yklymynyň «Altydan bir» atly ilkinji alnan filmleriň festiwalynda, Belarusda «Ліcтапад-2022» Minsk halkara film festiwalynda, şeýle hem Türkiýede Türk dünýäsiniň «Gorkut ata» halkara film festiwalynda görkezildi. Bu ýerde režissýor «Türk medeniýetine goşan goşandy üçin» diýen baýraga mynasyp boldy.

«Gyzyl kürte» filmi «Bastau» Halkara film festiwalynda görkeziler (turkmenistan.gov.tm)