TÜRKMEN PÄLWANLARY TÜRKIÝEDE GEÇIRILEN HALKARA ÝARYŞYNDA SEKIZ MEDALA MYNASYP BOLDULAR

Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýanyň Ankara şäherinden meşhur ştangaçy Naim Süleýmanoglunyň hormatyna bagyşlanan halkara ýaryşyndan Watanymyza sekiz medal getirdiler.

Silkip galdyrmakda, itekläp galdyrmakda we ikileýin görnüşde kümüş medallaryň üçüsi Ogulgerek Amanowa gowşuryldy. Bu baýraga ol 55 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Silkip galdyrmakda ildeşimiz 70 kilogram agramy, itekläp galdyrmakda 85 kilogram agramy göterdi, bu bolsa görnüşleriň ikisiniň jeminde 155 kilograma deň boldy.

Medallaryň üçüsini – bir kümüş we iki bürünç medallary Atajan Daýyýew eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby bu üstünligi 109 kilogramdan ýokary bolan iň agyr agram derejesinde gazandy. Şunda baýraklar ugrunda 4 türgen güýç synanyşdy. Silkip galdyrmakda A.Daýyýew ikinji netijäni (156 kilogram), itekläp galdyrmakda üçünji netijäni (190 kilogram) görkezdi. Ol iki görnüşiň netijesinde 346 kilogram toplap, ikinji bürünç medalyny gazandy. Bu görkeziji Gresiýanyň Iraklion şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä ýaryşynda gazananyndakydan 24 kilogram azdyr. Şonda Atajan itekläp galdyrmakda, 208 kilogram netije bilen bürünç medal gazanypdy.

Türkmenistanyň toparyna itekläp galdyrmakda (149 kilogram) hem-de iki görnüş boýunça (274 kilogram) ýene-de bürünç medallaryň ikisini 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Hydyrberdi Ýagmyrow gazandy.

Kolumbiýanyň Bogota şäherinde 2022-nji ýylyň 5 – 16-njy dekabr aralygynda geçiriljek dünýä çempionaty türkmen ştangaçylary üçin nobatdaky synag bolar. Munuň özi agyr atletikaçylar üçin Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna tarap ýolda ilkinji ygtyýar beriş ýaryşy bolar.

Türkmen pälwanlary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşynda sekiz medala mynasyp boldular (turkmenistan.gov.tm)