TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASYNY DÖRETMEK HAKYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmeli.

2. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň garamagyna bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda (turkmenistan.gov.tm)