BAE-NIŇ NEBITGAZ KOMPANIÝALARY TÜRKMENISTANDA ÄGIRT ULY GAZ KÄNINIŇ ÖZLEŞDIRILMEGINE GATNAŞARLAR

Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar.

Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnamasynda aýdylýar.

«Taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary barada ylalaşdylar» – diýlip, resminamada bellenilýär.

Resminamada taraplar saparyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldaýandyklary nygtalýar.

Şeýle-de taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şu maksatlar bilen, taraplar nebitgaz ulgamynda, şol sanda maýa goýum işinde bilelikdäki işleri hem-de taslamalary goldaýandyklaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, bu ugurda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamagy ylalaşdylar.

«Gaffney, Cline & Associates» iňlis kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde, takmynan 27 trillion kub metr gaz jemlenipdir.

BAE-niň nebitgaz kompaniýalary Türkmenistanda ägirt uly gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşarlar (turkmenistan.gov.tm)