TÜRKMENISTANYŇ IŇ GOWY MUZEÝLERINE ONLAÝN SYÝAHAT

Türkmenistanyň muzeýleri we sergi merkezleri sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeý toplumlarynyň öz internet sahypalary bar, bu ýerde muzeý bölümlerinden başga-da dürli ýygyndylaryň wirtual 3D syýahatlary görkezilýär.

Ösen tehnologiýany ulanmak dünýäniň islendik ýerinden muzeýlere wirtual syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň resmi web-sahypasynda ulanyjylar ýurdumyzyň muzeýleriniň döreýşi we ösüş taryhy bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde dowam edýän sergileriň habarnamalary we ylmy neşirler görkezilendir.

Wirtual syýahat bölümine girmek bilen, muzeýiň bölümlerine onlaýn gezelenç edip bilerler we 360° wideo tehnologiýasyny ulanyp, aýratyn gymmatlyklary jikme-jik gözden geçirip hem-de olar barada goşmaça maglumat alyp bilerler.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi sizi şekillendiriş we bezeg sungatlarynyň baý ýygyndysy bilen tanyşmaga çagyrýar.

Muzeýiň resmi web-sahypasynda hödürlenen wideo şekillerde ilkinji türkmen suratkeşleriniň, şeýle hem rus, Günbatar Ýewropa we Gündogaryň suratkeşleriniň iň oňat eserlerini öz içine alýan ekspozisiýalar barada giňeşleýin maglumat berilýär.

Häzirki wagtda muzeýlerde gorap saklanylýan taryhy, çeper we beýleki medeni gymmatlyklaryň ýeke-täk elektron maglumatlar binýadynda işler alnyp barylýar. 

Türkmenistandaky her bir muzeý üçin wirtual 3D gezelençlerini döretmek we durmuşa geçirmek üçin netijeli ädimler ädilýär.

Geçen ýylyň ýazynda geçirilen «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahatda bellenip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň muzeýlerinde innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň medeni mirasyny, taryhyny, türkmen halkynyň medeniýeti öwrenmäge, goramaga we ösdürmäge mynasyp goşandyny goşar.

Türkmenistanyň iň gowy muzeýlerine onlaýn syýahat (turkmenistan.gov.tm)